Türkmenistanyň Adalat ministriniň
2018-nji ýylyň 6-njy iýulynda çykaran 48-iş belgili
B U Ý R U G Y
010.180.010
190.020.020
Türkmenistanyň Adalat ministriniň käbir kadalaşdyryjy hukuk namalaryny güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakynda
(Türkmenistanyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň,
halk maslahatlarynyň we häkimleriň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň Ýygyndysy,
2018 ý., № 3, 13-nji sahypa)
“Hukuk namalary hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 31-nji maddasyna, Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň 66-njy we 68-nji maddalaryna laýyklykda hem-de “Saglygy goraýyş edaralarynda dogluş we ölüm halatlaryny tassyklaýan resminamalaryň görnüşlerini hem-de olary ýöretmek boýunça resminamalary tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň 2018-nji ýylyň 22-nji maýynda çykaran 173 belgili buýrugynyň 2018-nji ýylyň 14-nji iýunynda 1137 belgi bilen döwlet belligine alnandygy bilen bagly, buýurýaryn:
1. Türkmenistanyň Adalat ministriniň şu namalaryny güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli:
1) Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2006-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda 417 belgi bilen bellige alnan, “Saglygy goraýyş edarasynyň käbir şahadatnamalarynyň we delilhatlarynyň görnüşlerini tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Adalat ministriniň 2006-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda çykaran 43-ÖB belgili buýrugyny;
2) Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2010-njy ýylyň 9-njy iýunynda 525 belgi bilen bellige alnan, “Saglygy goraýyş edarasynyň käbir şahadatnamalarynyň we delilhatlarynyň görnüşlerini tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Adalat ministriniň 2006-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda çykaran 43-ÖB belgili buýrugyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Türkmenistanyň Adalat ministriniň 2010-njy ýylyň 31-nji maýynda çykaran 12 ÖB belgili buýrugyny.
2. Şu buýrugyň döwlet belligine alnan gününden başlap, 10 (on) iş gününiň dowamynda resmi çap edilmegini üpjün etmeli.
3. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine gözegçiligi ministriň orunbasary M.Taganowa tabşyrmaly.
Ministr B.Muhamedow
Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan
2018-nji ýylyň 25-nji iýulynda 1146 bellige
alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan.