Türkmenistanyň Adalat ministriniň 2020-nji ýylyň 4-nji iýunynda çykaran 27-iş belgili buýrugy

Türkmenistanyň Adalat ministriniň

2020-nji ýylyň 4-nji iýunynda çykaran 27-iş belgili

B U Ý R U G Y

 

Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň Merkezi arhiwi tarapyndan hyzmatlaryň edilendigi üçin tölegleriň möçberini hem-de olary almagyň tertibini tassyklamak hakynda

 

“Raýat ýagdaýynyň namalary hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda buýurýaryn:

1. Şu aşakdakylary:

1) Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň Merkezi arhiwi tarapyndan  hyzmatlaryň edilendigi üçin tölegleriň möçberini;

2) Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň Merkezi arhiwi tarapyndan hyzmatlaryň edilendigi üçin tölegleri almagyň Tertibini tassyklamaly (goşulýar).

2. Şu buýruk 2020-nji ýylyň 1-nji iýulyndan herekete girizilýär.

3. Şu buýrugyň döwlet belligine alnan gününden başlap, 10 (on) iş gününiň dowamynda resmi çap edilmegini üpjün etmeli.

4.  Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine gözegçiligi ministriň orunbasary S.Jumaýewe we ministrligiň ýanyndaky Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň Merkezi arhiwiniň müdirine tabşyrmaly.

 

Ministr                                                                                      B.Muhamedow 

 

Ylalaşyldy:

Türkmenistanyň Maliýe we

ykdysadyýet ministri                                                         E.Annamuhammedow

«04» iýun 2020 ýyl.


Türkmenistanyň Adalat ministriniň

2020-nji ýylyň 4-nji iýunynda

çykaran 27-iş belgili buýrugy bilen

tassyklanyldy


Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky 

Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň Merkezi arhiwi tarapyndan hyzmatlaryň edilendigi üçin tölegleri almagyň

Tertibi


1. Şu Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň Merkezi arhiwi tarapyndan hyzmatlaryň edilendigi üçin tölegleri almagyň Tertibi (mundan beýläk - Tertip) “Raýat ýagdaýynyň namalary hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň talaplaryny ýerine ýetirmek maksady bilen işlenip taýýarlanyldy hem-de Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň Merkezi arhiwi (mundan beýläk – RÝNÝ Merkezi arhiwi)  tarapyndan hyzmatlaryň edilendigi üçin tölegleri almagyň tertibini kesgitleýär.

2. Tölegleriň alynmagy RÝNÝ Merkezi arhiwi tarapyndan amala aşyrylýar.

3. RÝNÝ Merkezi arhiwi tarapyndan hyzmatlaryň edilendigi üçin tölegleriň möçberleri durmuş we beýleki tölegleri, salgytlary, ýygymlary hasaplamak üçin Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bellenýän binýatlyk mukdardan, göterim möçberinde kesgitlenilýär.

4. RÝNÝ Merkezi arhiwi tarapyndan hyzmatlaryň edilendigi üçin tölegler RÝNÝ Merkezi arhiwiniň býujetden daşary hasaplaşyk hasabyna geçirilýär we olaryň zerurlyklaryna gönükdirilýär.

5. Hyzmatlaryň edilendigi üçin tölegleriň möçberlerine laýyklykda fiziki we ýuridik şahslar (mundan beýläk – bilelikde ulanylanda arza beriji) tarapyndan degişli arza (ýüz tutma) berlen pursatynda töleg edilýär.

6. Arza berijiler Türkmenistanyň kanunçylygyna hem-de şu Tertip bilen düzgünleşdirilýän gatnaşyklara, eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, öz wekilleriniň üsti bilen hem gatnaşyp bilerler.

7. Arza beriji RÝNÝ Merkezi arhiwine tölegiň tölenilendigini tassyklaýan resminamany bermelidir.

8. Tölegler şu görnüşlerde amala aşyrylyp bilner:

1) Türkmenistanyň banklarynyň üsti bilen RÝNÝ Merkezi arhiwiniň bank hasaplaryna tölemek arkaly;

2) RÝNÝ Merkezi arhiwinde ýerleşdirilýän elektron gözegçilik-kassa enjamlaryň (mundan beýläk – EGKE) ulanylmagy bilen nagt görnüşinde tölemek arkaly;

3) fiziki şahslaryň bank kartlarynyň üsti bilen.

9. EGKE bilen işleýän şahs amala aşyrylan degişli hereket üçin hyzmatlaryň edilendigi üçin tölegleriň möçberinde bellenilen tölegi alýar, pulhana enjamyna ýerleşdirýär we ol babatda tölegiň tölenilendigini tassyklaýan resminamany berýär.

10. EGKE ulanylmagy bilen hasaplaşyklaryň geçirilmegi gündelik hasaplaşyklar boýunça jemleýji maglumatlaryň pulhana kitabynda bellenilen tertipde görkezilmegi bilen amala aşyrylýar.

11. EGKE ulanylmagy bilen gelip gowuşýan nagt pul serişdeleri soňra olary RÝNÝ Merkezi arhiwiniň hasaplaryna girdeji etmek üçin bellenilen tertipde Türkmenistanyň degişli bank edaralaryna hökmany tabşyrylmaga degişlidir.

RÝNÝ Merkezi arhiwiniň pulhanasyndaky nagt pullaryň galyndysy bellenilen çäk möçberinden geçmeli däldir.

12. Tölegler alynanda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen talaplar we ýöredilmeli resminamalar berjaý edilmäge degişlidir.

13. RÝNÝ Merkezi arhiwi her aýyň birinden gijä galman geçirilen tölegler baradaky hasabaty jemleýär we Türkmenistanyň Adalat ministrligine iberýär.

14. Geçirilen töleg hyzmatlaryň edilendigi üçin tölegleriň möçberlerinde görkezilen töleglerden köp tölenilen ýagdaýynda, tölegiň köp tölenilen möçberi yzyna gaýtarylmaga degişli ýa-da kazyýetiň çözgüdi esasynda yzyna gaýtarylýar.

15. Tölegi yzyna gaýtarylmagy babatda arza RÝNÝ Merkezi arhiwine berilýär.

Arzada:

1) fiziki şahs babatda – familiýasy, ady, atasynyň ady, ýaşaýan ýeriniň ýa-da köplenç bolýan ýeriniň salgysy, şahsyýetini tassyklaýan resminamasy barada maglumatlar we onuň rekwizitleri;

2) ýuridik şahs babatda – ady, ýerleşýän ýeri, bank maglumatlary görkezilýär.

16. Tölegi yzyna gaýtarylmagy babatda arza berlende tölegiň geçirilendigini tassyklaýan resminamanyň göçürme nusgasy goşulmalydyr.

17. Tölegi yzyna gaýtarylmagy babatda arza berijiniň mirasdary (hukuk oruntutary) tarapyndan berlen halatynda, arza goşmaça oňa degişli hukugyň geçendigini tassyklaýan resminama hem goşulmalydyr. Şu resminama goşulmadyk halatynda arza seredilmeýär, şeýle hem 5 (bäş) iş gününiň dowamynda arzany beren şahsa ýerine ýetirmeli talaplary beýan etmek bilen habar berilýär.

18. RÝNÝ Merkezi arhiwi tölegi yzyna gaýtarylmagy babatda arzany we degişli resminamalary kabul eden pursatyndan başlap 10 (on) iş gününiň dowamynda artyk tölenen pul serişdelerini yzyna gaýtarmak babatda çözgüt kabul edýär.

19. RÝNÝ Merkezi arhiwiniň müdiri hyzmatlaryň edilendigi üçin tölegleriň möçberlerinde bellenilen tölegleriň alynmagyny, býujetden daşary serişdeleriň ulanylmagyny, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan tassyklanan, Býujet edaralarynyň býujetden daşary serişdelerini emele getirmegiň, meýilnamalaşdyrmagyň, harçlamagyň, hasaba almagyň we olar boýunça hasabatlylygy alyp barmagyň tertibine we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda amala aşyrmalydyr.

20. RÝNÝ Merkezi arhiwiniň müdiri býujetden daşary serişdeleriniň maksada laýyk we tygşytly harçlanylyşyna, býujetden daşary serişdeler boýunça buhgalterçilik hasaba alnyşynyň dogry alnyp barlyşyna we hasabatlylygyň dogry düzülişine yzygiderli gözegçiligi amala aşyrmaga borçludyr.

21. RÝNÝ Merkezi arhiwiniň buhgalteri RÝNÝ Merkezi arhiwiniň býujetden daşary hasabyna gelip gowuşýan pul serişdelerini Türkmenistanyň Мaliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan tassyklanan Býujet edaralarynyň býujetden daşary serişdelerini emele getirmegiň, meýilnamalaşdyrmagyň, harçlamagyň, hasaba almagyň we olar boýunça hasabatlylygy alyp barmagyň tertibine laýyklykda berjaý edilmegini üpjün edýär, şeýle hem salgytlaryň we býujete tölegleriň dogry we doly hasaplanylmagyny hem-de öz wagtynda geçirilmegini, “Salgytlar hakynda” Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň talaplaryna laýyklykda alnyp barylmagyny hem-de gözegçilikde saklanylmagyny we salgyt kanunçylygynyň talaplarynyň bozulmazlygyny üpjün edýär.

Buhgalter býujetden daşary hasabyna gelip gowuşýan pul serişdeleri bilen bagly hasabatlylygy jemleýär we maliýe-hojalyk düzgün bozulmalaryna Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogap berýär.

22. RÝNÝ Merkezi arhiwi tarapyndan hyzmatlaryň edilendigi üçin tölegleriň möçberlerinde bellenilen tölegleriň alynmagynyň we ulanylmagynyň kadalarynyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan jogapkärçilige eltýär.

23. Şu Tertipde bellenilmedik ýagdaýlar ýüze çykan halatynda Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna goldanylýar.


Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan

2020-nji ýylyň 23-nji iýunynda 1344 bellige

alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan.