Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň 2020-nji ýylyň 31-nji dekabrynda çykaran 149-Ö belgili buýrugy

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň 2019-njy ýylyň 3-nji maýynda çykaran 65-Ö belgili buýrugy bilen tassyklanan, Pensiýa gatançlarynyň, maliýe jerimeleriniň we puşmana tölegleriniň üzüljegine umyt bolmadyk bergi diýlip ykrar edilmeginiň we olaryň hasapdan öçürilmeginiň tertibine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda

  •  
  • “Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyny ýerine ýetirmek hem-de Pensiýa gatançlarynyň, maliýe jerimeleriniň we puşmana tölegleriniň üzüljegine umyt bolmadyk bergi diýlip ykrar edilmeginiň we olaryň hasapdan öçürilmeginiň tertibini kämilleşdirmek maksady bilen, buýurýaryn:
  • 1. Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2019-njy ýylyň 21-nji maýynda 1223 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň 2019-njy ýylyň 3-nji maýynda çykaran 65-Ö belgili buýrugy bilen tassyklanan, Pensiýa gatançlarynyň, maliýe jerimeleriniň we puşmana tölegleriniň üzüljegine umyt bolmadyk bergi diýlip ykrar edilmeginiň we olaryň hasapdan öçürilmeginiň tertibinde:
  • 1) üçünji böleginiň:
  • a) 6-njy bendinde “geçmegi.” diýen sözi “geçmegi;” diýen söz bilen çalşyrmaly;
  • b) 7-nji bendine “esasly deliller bolan ýagdaýynda.” diýen sözleri “esasly deliller;” diýen sözler bilen çalşyrmaly;
  • ç) 7-nji bendinden soň şu mazmunly 8-nji, 9-njy we 10-njy bentleri goşmaly:

“8) aradan çykan fiziki şahsyň-iş berijiniň özi üçin pensiýa gatançlary, maliýe jerimeleri we puşmana tölegleri boýunça bergisi fiziki şahsyň-iş berijiniň ölüm hakynda şahadatnamasy esasynda;

9) fiziki şahs-iş beriji aradan çykan halatynda, işgärler üçin maliýe jerimeleri we puşmana tölegleri boýunça bergisi fiziki şahsyň-iş berijiniň ölüm hakynda şahadatnamasy esasynda;

10) aradan çykan fiziki şahsyň-iş berijiniň mirasdüşeri (mirasdüşerleri) bolmadyk ýa-da mirasdüşeri (mirasdüşerleri) onuň mirasyny kabul etmekden ýüz dönderen halatynda, şol bir wagtda fiziki şahsyň-iş berijiniň emlägi bolmadyk ýagdaýynda onuň işgärler üçin pensiýa gatançlary boýunça bergisi fiziki şahsyň-iş berijiniň ölüm hakynda şahadatnamasy esasynda.”;

2) sekizinji bölegiň 2-nji, 7-nji, 8-nji bentlerini şu görnüşde beýan etmeli:

“2) Kanunyň 29-njy maddasynda bellenen, pensiýa ätiýaçlandyrmasy boýunça borçlaryň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek çäreleriniň ulanylandygy;”;

“7) kazyýet tarapyndan fiziki şahs bergidar nam-nyşansyz giden ýa-da kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen ýagdaýynda, onuň emlägine ygtyýarly tarapyň ýokdugy;”;

“8) bellenen tertipde kazyýet tarapyndan nam-nyşansyz giden ýa-da kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen fiziki şahsyň pensiýa gatançlary boýunça bergilerini, maliýe jerimelerini we puşmana töleglerini üzmäge şol şahsyň ýeterlik emläginiň ýokdugy;”;

3) 8-nji bendinden soň şu mazmunly 9-njy bendi goşmaly:

“9) fiziki şahs- iş beriji aradan çykandygy.”;

4) dokuzynjy böleginiň 8-nji we 11-nji bentlerini şu görnüşde beýan etmeli:

“8) fiziki şahsy ölen diýip yglan etmek baradaky kazyýetiň çözgüdiniň nusgasy (şu halatda hem ölüm hakynda şahadanamasynyň nusgasy);”;

“11) mirasy kabul edýän fiziki şahsyň şahsyýetini tassyklaýan resminamalaryň nusgalary;”;

5) IV babyň adynda “umyt bolmadyk” diýen sözden soň “bergi” diýen sözi goşmaly;

6) ýigrimi üçünji böleginde “Müdiriýetiň garamagyna” diýen sözleri “Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň garamagyna” diýen sözler bilen çalşyrmaly;

7) ýigrimi altynjy bölegi şu görnüşde beýan etmeli:

“26. Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy Netijenamany we onuň ýanyna goşulan resminamalary doly öwrenip, Müdiriýetiň mejlisiniň garamagyna hödürleýär.”;

7) ýigrimi ýedinji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:

“27. Müdiriýet ylalaşmak üçin hödürlenen resminamalara seredip, Müdiriýetiň nobatdaky mejlisinde pensiýa gatançlaryny, maliýe jerimeleri we puşmana tölegleri boýunça bergileri hasapdan öçürmek baradaky çözgüdi esasynada karar çykarýar.”;

8) ýigrimi sekizinji we ýigrimi dokuzynjy böleklerinde “Çözgüt” diýen sözi “Karar” diýen söz bilen çalşyrmaly;

9) otuzynjy bölegi şu görnüşde beýan etmeli:

“30. Pensiýa gaznasynyň müdirliginiň toparynyň Netijenamasy we resminamalarynyň toplumy Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň degişli müdirliginde saklanýar we Müdiriýetiň kararlary Pensiýa gatançlary, maliýe jerimeleri we puşmana tölegleri boýunça bergileriň üzüljegine umyt bolmadyk we hasapdan öçürilmäge degişli diýip ykrar etmek hakynda kararlary hasaba alyş kitabynda (şu Tertibe 7-nji goşundy) hasaba alynýar.”;

10) otuz üçünji böleginde “Müdiriýete” diýen sözi “Türkmenistanyň Pensiýa gaznasyna” diýen sözler bilen çalşyrmaly;

11) tertibiň mazmunynda “ätiýaçlandyrýan ýa-da ätiýaçlandyrylana”, “ätiýaçlandyrýan ýa-da ätiýaçlandyrylan şahsa” salgylanmalary degişlilikde “ätiýaçlandyrýana” diýen söz bilen çalşyrmaly;

12) 3-nji we 5-nji goşundylaryň mazmunynda “çözgüdine” diýen sözi “kararyna” diýen söz bilen çalşyrmaly;

13) şu görnüşde beýan edilen 7-nji goşundyny goşmaly:


“Pensiýa gatançlarynyň, maliýe jerimeleriniň

 we puşmana tölegleriniň üzüljegine umyt

bolmadyk bergi diýlip ykrar edilmeginiň we

olaryň hasapdan öçürilmeginiň Tertibine

7-nji goşundy

 

Pensiýa gatançlary, maliýe jerimeleri we puşmana tölegleri boýunça bergileriň üzüljegine umyt bolmadyk we hasapdan öçürilmäge degişli diýip ykrar etmek hakynda kararlary hasaba alyş kitaby

 

T/b

Ätiýaçlandyrýan ýuridik şahsyň ady, ätiýaçlandyrýan fiziki şahsyň ady, familiýasy, atasynyň ady

Ätiýaçlandyrýan şahs hökmünde hasaba alnan belgisi

Kararyň

Hasapdan öçürilmäge degişli berginiň pul möçberi

(manat)

Bellik

belgisi

senesi

1

2

3

4

5

6

7
















2. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň dolandyryjysy D.Amanmuhammedow gözegçilik etmeli.



Ministr                                                                                        M.Sylapow



Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan

2021-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda 1435 bellige

alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan.