Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň 2020-nji ýylyň 16-njy dekabrynda çykaran MB-148 belgili buýrugy

«Mallar, guşlar we haýwanlar üçin niýetlenen binalar we jaýlar» 

atly TGK 2.10.03-2020 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryny tassyklamak hakynda


Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 29-njy ýanwarynda çykaran 1083-nji karary bilen tassyklanan, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi hakynda Düzgünnama laýyklykda, binagärlik, taslama we gurluşyk babatdaky kanunçylygy kämilleşdirmek, şähergurluşyk, binagärlik we gurluşyk çygrynda döwlet kadalaşdyryjy-tehniki we usulyýet resminamalaryny bellenen tertipde işläp taýýarlamak we tassyklamak boýunça Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň wezipelerini amala aşyrmak maksady bilen, buýurýaryn:

1. «Mallar, guşlar we haýwanlar üçin niýetlenen binalar we jaýlar» atly TGK 2.10.03-2020 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryny tassyklamaly (goşulýar).

2. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine ministriň orunbasary A.Geldiýew gözegçilik etmeli.


Ministr                                                                                         R. Gandymow

 

Türkmenistanyň Gurluşyk we

binagärlik ministriniň

 2020-nji ýylyň 16-njy dekabrynda

 çykaran MB-148 belgili buýrugy bilen

tassyklanyldy


Mallar, guşlar we haýwanlar üçin niýetlenen binalar we jaýlar” atly 

TGK 2.10.03-2020 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalary


  • I bap. UMUMY DÜZGÜNLER


1. Şu “Mallar, guşlar we haýwanlar üçin niýetlenen binalar we jaýlar” atly TGK 2.10.03-2020 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalary (mundan beýläk - Kadalar) «Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň meseleleri hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 29-njy ýanwarynda çykaran 1083-nji karary bilen tassyklanan, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi hakynda Düzgünnama laýyklykda binagärlik, taslama we gurluşyk babatdaky kanunçylygy kämilleşdirmek, döwlet kadalaşdyryjy-tehniki we usulyýet resminamalaryny bellenilen tertipde işläp taýýarlamak we tassyklamak boýunça Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň wezipelerini amala aşyrmak maksady bilen işlenilip taýýarlanyldy.

Şu Kadalaryň düzgünleri pudaklaýyn tabynlygyna, guramaçylyk-hukuk we eýeçiliginiň görnüşlerine garamazdan ähli edaralar, kärhanalar we guramalar üçin hökman bolup durýar.

Şu Kadalar mallar, guşlar we haýwanlar üçin niýetlenen binalar we jaýlar taslanylanda berjaý edilmelidir.

Şu Kadalarda ulanylýan salgylanmalar “Peýdalanylýan kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň we kadalaşdyryjy-tehniki resminamalaryň sanawy” atly şu Kadalaryň   1-nji goşundysynda getirildi.

2. Partlama-ýangyn we ýangyn howpsuzlygy boýunça binalaryň we jaýlaryň derejeleri Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2015-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda 903 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň 2015-nji ýylyň 19-njy awgustda çykaran MB-65 belgili buýrugy bilen tassyklanylan “Binalary we desgalary taslamagyň ýangyna garşy kadalary” atly TGK 2.01.02-15 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalarynyň (mundan beýläk- TGK 2.01.02-15 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalary) talaplaryna, binalary we jaýlary tehnologik taslamalaşdyrmagyň pudaklaýyn kadalaryna ýa-da görkezilen derejeleri belleýän we bellenilen tertipde tassyklanylan ýörite sanawlara laýyklykda taslamanyň tehnologiki bölüminde görkezilýär.

3. Mallar, guşlar we haýwanlar üçin niýetlenen binanyň we jaýyň umumy meýdany bellenen tertipde tassyklanan önümçilik binalary babatda Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryna laýyklykda kesgitlenilýär.

4. Kömekçi jaýlary we binalary Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2019-njy ýylyň 11-nji maýynda 1222 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň 2019-njy ýylyň 17-nji aprelinde çykaran MB-70 belgili buýrugy bilen tassyklanylan “Jemgyýetçilik binalary we desgalary” atly TGK 2.08.02-19 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalarynyň esasynda taslamalaşdyrmak gerekdir.


  • II bap. GÖWRÜM-MEÝILLEŞDIRIŞ WE GURNAW ÇÖZGÜTLER


5. Düzgün bolşy ýaly, mallar, guşlar we haýwanlar üçin niýetlenen binalary we jaýlary bir gatly, meýilnamasy gönüburçly şekilde, uzynlygy we beýikligi birmeňzeş bolan parallel boş aralyk goýup taslamalaşdyrmak gerekdir. Iki sany özara perpendikulýar ugur boýunça boş aralygy bolan, we boş aralyklarynyň ini we beýikligi dürli bolan binalary diňe esaslandyrma bolan halatynda taslamalaşdyrmaga rugsat berilýär. Boş aralygy köp bolan binalarda bir ugur boýunça boş aralyklaryň beýikliginiň 1,2 metrden az üýtgedilmegine ýol berilmeýär.

Esas bolan halatynda doňuzlar, towşanlar we guşlar üçin binalary we jaýlary köpgatly edip taslanylmaga rugsat berilýär.

Mallar, guşlar we haýwanlar üçin niýetlenen binalaryň we jaýlaryň ölçeglerini we gatlarynyň sanyny, dürli inli we gatly binalarda we jaýlarda mallary, guşlary we haýwanlary saklamagyň görnüşlerini tehniki-ykdysady taýdan deňeşdirmegiň esasynda kabul etmäge rugsat berilýär.

Önümçilik, kömekçi we ammar binalary we jaýlary düzgün bolşy ýaly bir binada jemlemek gerekdir.

6. Maldarçylyk, guşçylyk we gymmat baha derili haýwanlar ösdürilip ýetişdirilýän binalar we jaýlar taslanylanda görkezijilerini we gabara çyzgytlaryny “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň 1999-njy ýylyň 31-nji dekabrynda çykaran 50 belgili karary esasynda tassyklanylan “Kärhanalaryň binalary. Parametrleri” atly TDS-23838-89 belgili Döwletara standartlaryna laýyklykda kabul etmek zerurdyr.

7. Mallar, guşlar we haýwanlar üçin niýetlenen binalarda we jaýlarda poldan asma enjamyň we kommunikasiýalaryň gurnawynyň aşagyna çenli beýikligi adamlaryň hemişe geçýän ýerlerinde 2 metrden we adamlaryň käwagt geçýän ýerlerinde bolsa 1,8 metrden az bolmaly däldir.

Irimçik iýmler (saman, bede we ş.m.) we düşekler saklamak üçin niýetlenilen jaýlarynyň beýikligi (arassa ýagdaýda) üçegiň ortaky böleginde we bassyrmada lýuklar ýerleşdirilen ýerlerinde 1,9 metrden az bolmaly däldir.

8. Mallar, guşlar we haýwanlar üçin niýetlenen binalaryň we jaýlaryň gatlarynyň sanyny, ýangyna durnuklylygynyň derejesini we ýangyndan goraýjy diwarlaryň arasyndaky gatyň meýdanyny aşakdaky şu Kadalaryň 1-nji tablisasy boýunça kabul etmelidir.

1-nji tablisa

Önümçiligiň topary

Gatlaryň ýol berilýän mukdary

Binalaryň ýangyna durnuklylygynyň derejesi

Binanyň garşylykda ýerleşýän diwarlarynyň arasyndaky gatyň meýdany, m2

bir gatly

köp gatly

W

9

3

2

1

II

III

IV

V

Çäklendirilmeýär

3000

2000

1200

2000

1200

-

D

Çäklendirilmeýär

3

2

1

II

III

IV

V

Çäklendirilmeýär

5200

3500

2000


3500

2000

-


Bellik: W toparly önümçilik üçin şu tablisada görkezilen guşlary we goýunlary ýetişdirmek üçin ýangyna durnuklylygy V derejeli bir gatly binalaryň ýangyndan goraýjy diwarlarynyň arasyndaky gatyň meýdanyny tehnologikanyň talaplary boýunça 1800 m2 çenli ulaltmaga rugsat berilýär.

9. Mallar, guşlar we haýwanlar üçin niýetlenen binalarda (W we D toparly önümçilikli) aşakdakylara rugsat berilýär:

1) ýangyna durnuklylygy II derejeli bir gatly binalarda we jaýlarda (üçeksiz) – TGK 2.01.02-15 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryna laýyklykda ýangyna durnuklylygyň we ýangyn goragynyň çägi bolan agaç gurnawlara;

2) ýangyna durnuklylygy III we IV derejeli bir gatly binalarda we jaýlarda – ýangyndan goragy bolmadyk hasap boýunça kese-kesikli içki agaç sütünler (diregler), emma 180x180 mm kiçi bolmadyk ýa-da ýokarky kesiginde diametri 160 mm kiçi bolmadyklara;

3) ýangyna durnuklylygy IV derejeli binalarda – üçegiň örtükleri ýanýan materiallara;

4) ýangyna durnuklylygyň islendik derejeli binalarynda – üçegiň örtükleriniň frontonlary we ýyladyjy materiallary ýanýan materiallara;

5) tomus dynç alyş ýerlerinde we öri meýdanlarynda ýerleşdirilen binalarda we jaýlarda - bassyrmasy ýanýan materiallara (gamyşa, samana, inçejik agaçlara we beýlekiler).

10. Irimçik iýmler we ýanýan düşekleri saklamak üçin niýetlenilen üçekli ýangyna durnuklylygyň islendik derejeli maldarçylyk binalary taslanylanda şu aşakdakylary göz öňünde tutulmalydyr:

1) üçegi oda durnukly materiallardan ýasamak;

2) üçekdäki elektrik geçirijileri mehaniki zeperlenmeden goramak;

3) binanyň agaç üçegini we  20 mm galyňlykdaky palçykdan örtülen üçegini ot alýan ýyladyjy material (ýa-da meňzeş ýangyn goragly) ýa-da ot almaýan ýyladyjy materiallaryň üsti bilen ot almadan goramak;

4) ýangyna durnuklylygy II we III derejeli binalarda 0,75 sagat ýangyna durnuklylyk çäkli we ýangyna durnuklylygy IV derejeli binalarda 0,25 sagat ýangyna durnuklylyk çäkli üçek örtüklerindäki lýuklary ýapmak (jaýa iýmleri we düşekleri bermek üçin).

11. Mallar, guşlar we haýwanlar üçin niýetlenen binalarda we jaýlarda gurlan ýa-da olaryň gapdalyndan aýratyn gurlan partlama-ýangyn howply ýa-da ýangyn howply önümçilikli jaýlary irimçik iýmleriň ätiýaçlygyny saklamak üçin jaýlar 1 sagatdan az bolmadyk ýangyna durnuklylyk çägi bolan we 40 sm az bolmadyk ýangynyň ýaýrama çägi bolan diwarlar ýa-da germewler bilen, 0,75 sagat az bolmadyk ýangyna durnuklylyk çägi bolan we 25 sm az bolmadyk ýangynyň ýaýrama çägi bolan aralyk örtükler bilen arasy açylmalydyr we gönüden-göni daşyna çykalgasy bolmalydyr. Gündelik irimçik iýmleri, inwentarlary we düşekleri saklamak üçin jaýlardan jaýyň içine çykalgalary goýmaga rugsat berilýär. Görkezilen diwarlarda (germewlerde) geçelgeleri (penjireleri, derwezeleri, tehnologik geçelgelerini) ot almaýan ýa-da kynlyk bilen ot alýan materiallar bilen ýapmalydyr we öz-özünden ýapylmagy üçin gurluşlar bilen enjamlaşdyrmalydyr.

12. Mallar, guşlar we haýwanlar üçin niýetlenen binalarda we jaýlarda adamlary çykarmagyň ýollaryny bellenen tertipde tassyklanan önümçilik binalary babatda Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryna laýyklykda göz öňünde tutmalydyr.

Adamlary jaýdan çykarmak üçin giňden açylýan we sürgili derwezelerde binadan çykmagyň ugry boýunça açylýan gapylary (0,1 metrden uly bolmadyk beýiklikli sütünsiz ýa-da sütünli) göz öňünde tutmaga rugsat berilýär.

Binalarda we jaýlarda mallar, guşlar we haýwanlar üçin çykalgalary tehnologiki taslamagyň kadalaryna laýyklykda goýulmalydyr, eger şu çykalgalar ewakuasiýa çykalgalarynyň talaplaryna gabat gelýän bolsa olar adamlar üçin ewakuasiýa çykalgasynyň hasaplamasyna görä göz öňünde tutulyp bilner.

Ýagtylyk we ýagtylykhowa çyralary bolmadyk jaýlardan tüssäni aýyrmagy bellenen tertipde tassyklanan önümçilik binalary babatda Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryna laýyklykda göz öňünde tutmalydyr, şeýle-de ýangyn dörände sorujy şahtalary awtomatiki usulda açýan gurluş talap edilmeýär.

13. Mallar, guşlar we haýwanlar üçin niýetlenen binalarda we jaýlarda toplanýan agram göteriji we örtüji gurnawlary ulanyp diňe karkasly edip taslamalaşdyrmalydyr. Ýerli gurluşyk materiallaryndan gurnawlary we önümleri ulanmaga rugsat berilýär.

Bellik:

1) mallar, guşlar we haýwanlar üçin elýeter ýerlerdäki gurluşyk gurnawlarynyň we olary bezemegiň, ýüzüni örtmegiň we gorag örtükleriniň materiallary olar üçin zyýansyz bolmalydyr;

2) nutriýalar üçin kanallar we howuzlar beton ýa-da daş bilen örtülen bolmalydyr.

14. Çygly ýa-da öl kadaly jaýlaryň üstündäki mallar, guşlar we haýwanlar üçin niýetlenen binalarynyň we jaýlarynyň howa çalşygy ýok bolan örtüklerine, diňe bugy aýyryjy gurluş bilen bir ýyl ulanyş döwründe örtükleriň gurnawynda çyglylygyň toplanmagyny aradan aýyrmak şerti bilen rugsat berilýär.

Ini 27 metrden uly bolmadyk binalaryň we jaýlaryň bassyrmasyny düzgün bolşy ýaly asbestsement tolkun şekilli listleri, ini uly bolan binalary we jaýlary bolsa, top materiallary ýa-da mastikany (armirlenen aýna dokumasy) ulanyp taslamalaşdyrmalydyr.

15. Mallar, guşlar we haýwanlar üçin niýetlenen binalar we jaýlar içki suw geçirijilersiz taslamalaşdyrylmalydyr. Üstüniň örtüginiň ini 36 metrden gowrak bolan binalarda we jaýlarda (bir tarapa ýapgyt) içki suw geçirijileri bilen taslamaklyga rugsat berilýär.

16. Mallar, guşlar we haýwanlar üçin niýetlenen binalaryň we jaýlaryň pollaryny we gezelenç etmäge goýberilýän ýerleriniň örtügini Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2012-nji ýylyň 16-njy fewralynda 628 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, Türkmenistanyň Gurluşyk  ministriniň 2012-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda çykaran MB-12 belgili buýrugy bilen tassyklanylan “Pollar. Taslamagyň kadalary” atly TGK 2.03.03-12 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryny we tehnologik talaplaryny göz öňünde tutup şu babyň kadalaryna laýyklykda taslamalaşdyrmak gerekdir.

Mallar, guşlar we haýwanlar üçin niýetlenen binalaryň we jaýlaryň pollary boşluksyz bolmalydyr. Jojuklar ýetişdirilýän ýerlerde poly gyzgyn howa bilen ýylatmak üçin ulanylýan bolsa, boşlukly ot almaýan pollary gurnamaga ýol berilýär.

Haýwanlar düşeksiz saklanylan halatynda, olaryň dynç alýan ýerlerindäki poluň ýokarky gatlagy poluň ýylylygy özleşdirişiniň görkezijisi bilen kesgitlenilýär, onuň ululygy tehnologiki taslamalaşdyrmagyň kadalaryna ýa-da taslamanyň tehnologik bölümine laýyklykda kabul edilýär.

Haýwanlary düşekli, guşlary we goýunlary saklamak üçin jaýlaryň pollarynyň we gözenekli pollaryň ýylylygynyň özleşdirişiniň görkezijisi kadalaşdyrylmaýar.

Wagtal-wagtal suwuklyklar bilen ezilýän pollary ýapgytly taslamalaşdyrmak gerekdir. Pollaryň, lotoklaryň we kanallaryň ýapgytlygyny aşakdakylar boýunça kabul etmelidir:

1) guşlary kapasalarda saklamak üçin jaýlarda we ähli binalardaky we jaýlardaky geçelgeleriň ugrundaky lotoklary – 0,005-den az bolmaly däldir;

2) mallar, guşlar we haýwanlar üçin niýetlenen binalaryň we jaýlaryň tehnologiki elementlerinde (agyllarda, dölelerde, stanoklarda we şuňa meňzeşler) we geçelgelerdäki kese ýerleşýänleri – 0,015-den az bolmaly däldir;

3) mehanizmler bilen dersleri aýyrmak üçin gözenekli (deşikli) pollary we kanallary (lotoklary) ýapgyt edip tasalamalaşdyrmaly däldir;

4) haýwanlar we guşlar üçin gezelenç edilýän ýerleriň örtüginiň, binalaryň arasyndaky geçiş galereýalardaky (haýwanlary göçürmek üçin) pollaryň ýapgytlygy 0,06 köp bolmaly däldir.

17. Gözenekli poluň pürslerine wertikal ýüklenmeler tehnologiki çözgütleriniň esasynda gurluşyk tabşyrygynda bellenilýär.

Gözenekli poluň direlýän gurnawlaryna ýüklenmäni bellenen tertipde tassyklanan agramlar we täsirler babatda Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryna laýyklykda hasaplamak gerekdir.

Gözenekli poluň gurnawlary hasaplanylanda 1,2 dinamika koeffiiýsentini ulanmak gerekdir.

18. Jaýlaryň (agyllaryň, dennikleriň, stanoklaryň, bokslaryň we başgalar) we gezelenje çykarylýan ýerleriň tehnologiki elementleriniň haýatlary düzgün bolşy ýaly, zawotda öndürilen önümlerden toplanan bolmalydyr.

19. Mallary we guşlary saklamak üçin niýetlenilen binalaryň we jaýlaryň içindäki gurluşyk gurnawlary açyk reňklere boýalmalydyr we olary çygly esgi bilen süpürmäge we zyýansyzlandyrmaga rugsat berilýär.

Sagym jaýlarynyň, süýdi arassalamak we saklamak üçin binalarda we jaýlarda, inkubasiýa we jüýje çykarylýan zallarda, ýuwujylarda, barlaghanalarda, haýwanlary emeli usulda tohumlandyrmak üçin we iýmleri taýýarlamak üçin jaýlarda wagtal-wagtal zyýansyzlandyrmaga we suw bilen ýuwmaga rugsat berilýär, ol suwa durnukly materiallar bilen 1,8 metr beýikligine örtülen ýa-da reňklenen bolmalydyr. Görkezilen binalaryň we jaýlaryň diwarlarynyň galan bölegi we potoloklary açyk reňkli boýaglar bilen reňklenmelidir.

20. Mallar, guşlar we haýwanlar üçin niýetlenen binalaryň we jaýlaryň goraýjy gurnawlarynyň ýylylyk-tehniki hasaplaryny Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2017-nji ýylyň 15-nji awgustynda 1090 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň 2017-nji ýylyň 28-nji iýulynda çykaran  MB-55 belgili buýrugy bilen tassyklanylan “Gurluşygyň ýylylyk tehnikasy” atly TGK 2.01.03-17 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryna laýyklykda amala aşyrmalydyr, şeýle-de  olaryň içki tekizliginiň ýylylyk berijiliginiň koeffisiýenti şu aşakdakylara deň bolmalydyr:

1) haýwanlar bilen doldurylmagy 1 m2 pola 80 kilogram janly göwrüme deň bolan  jaýlaryň diwarlary üçin – 12Wt/ (m2 * ºC) [10 kkal/(m2 * sagat * ºC)];

2) haýwanlar bilen doldurylmagy 1 m2 pola 80 kilogram we az janly göwrüme deň bolan jaýlaryň diwarlary we mallar, guşlar we haýwanlar üçin niýetlenen ähli binalaryň we jaýlaryň potoloklary üçin (üçek aralyk örtükleriniň ýa-da örtükleriniň) – 8,7 Wt/ (m2 * ºC) [7,5 kkal/(m2 * sagat * ºC)].

Tehnologik hasaby bilen kesgitlenilen mallar, guşlar we haýwanlar üçin niýetlenen binalarynyň daşky goraýjy gurnawlarynyň ýylylyk berijiliginiň garşylygy ykdysady şertlerinden ugur almak bilen anyk kesgitlenilmelidir.


  • III bap. SUW GEÇIRIJI WE LAGYM ULGAMLARY

21. Mallar, guşlar we haýwanlar üçin niýetlenen binalaryň we jaýlaryň içki suw geçiriji we lagym ulgamlaryny bellenen tertipde tassyklanan binalaryň içki suwgeçirijileri we lagym ulgamy babatda Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryna we şu babyň kadalaryna laýyklykda taslamak gerekdir.

22. Mallar, guşlar we haýwanlar üçin niýetlenen binalar we jaýlar üçin mallary, guşlary we haýwanlary suwa ýakmak, iýmleri taýýarlamak, haýwanlary we pollary ýuwmak, jaýlary ýuwmak, enjamlary ýuwmak we sowatmak üçin agyz suw beriji önümçilik suw geçirijisini “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň 2016-njy ýylyň 25-nji awgustynda çykaran 1/175 belgili buýrugy bilen tassyklanylan “Agyz suwy. Gigiýena degişli talaplar we hiline gözegçilik etmek” atly TDS 837-2016 belgili Türkmen döwlet standartlaryna laýyklykda taslamalaşdyrmak gerekdir. Ähli görkezilen zerurlyklar üçin agyz suwuny almak mümkinçiligi bolmadyk etraplarda suwuň hilini tehnologiki taslamalaşdyrmagyň degişli kadalary boýunça bellemek gerekdir (süýt enjamlaryny ýuwmak we sowatmak üçin suwdan başgasyny).

Bellik: Ýylyň sowuk döwründe mallary suwa ýakmak üçin suwy gyzdyrmak zerurlygy we şu suwuň temperaturasy tehnologiki taslamalaşdyrmagyň kadalaryna laýyklykda bellenilýär.

23. Mallar, guşlar we haýwanlar üçin niýetlenen binalar we jaýlar suw berilýän nowalar, pollary ýuwmak üçin kranlar we ýörite enjamlar bilen enjamlaşdyrylmalydyr.

Guşçulyk binalarynyň akar suwly suw berilýän nowalary düşegi arassalanylýan we dersleri maşyn bilen aýrylýan wagtynda gurluşyň derejesini üýtgetmek ýa-da olary aýyrmak zerurlygy ýüze çykanda, düzgün bolşy ýaly, çeýe şlanglar bilen içki suw geçiriji we lagym ulgamyna birikdirilmelidir.

24. Athanalara suw geçirijiniň girelgesini ýyladyş ulgamy bilen ýyladylýan jaýda goýmalydyr, ol ýerde ýyladylmaýan jaýlara barýan suw geçiriji ulgamynyň şahalarynda dyky wentillerini, ýyladylýan jaýlaryň daşynda bu şahalaryň gury meýdançalarynda kranlary ýa-da birleşdiriji nurbatlary göz öňünde tutmak gerekdir.

Ýylyň sowuk döwründe içki howanyň temperaturasy hemişe 2ºC ýylylykdan ýokary saklanylýan athanalarda suw berilýän nowalara birikdirilen içki suw geçirijileri göz öňünde tutmaga rugsat berilýär.

25. Goýun agyllary düzgün bolşy ýaly, içki suw geçirijiler bilen enjamlaşdyrylmaýar. Agyllarda saklanylýan goýunlary suwa ýakmak üçin gezelenç edilýän meýdançadaky (açyk bazadaky) toparlaýyn nowalara suw geçirijilerini çekmek göz öňünde tutulýar. Suw geçirijileriniň girelgesini doguryş bölümlerinde we ýyly jaýlarda göz öňünde tutmalydyr.

26. Mallaryň, guşlaryň we haýwanlaryň ýetişdirilýän bir gatly binalarynda we jaýlarynda şu bölegiň ikinji tesiminde görkezilenlerden başgalarynda içki ýangyna garşy suw geçirijisi göz öňünde tutulmaýar.

Binanyň ýa-da onuň bir böleginiň ýangyndan goraýjy diwarlarynyň arasyndaky aralygynyň sygymy 25 müň guşdan gowrak bolan ot alýan materiallardan kapasalarda guşlary saklanylýan binalarda ýangyndan goraýjy diwarlarynyň arasyndaky üçegiň meýdany 2000m2 we ondan gowrak bolan irimçik iýmler we ot alýan düşekler saklanylýan üçekli mallar, guşlar we haýwanlar üçin niýetlenen binalarynda, iki we ondan köp gatly binalarda, meýdany 10 000 m2 gowrak bolan W topar önümçilikli köp boş aralykly bir gatly binalarda hasaplanylan sarp edilmesi 2,5 l/s (bir çüwdürimi) içki ýangyna garşy suw geçirijilerini göz öňünde tutmak gerekdir.

Bellik: Haýwanlar we towşanlar üçin bassyrmalaryň daşky ýangyn söndürişine suwuň hasaplanylan sarp edilmegini kesgitlemegi 0,5 koeffisiýenti ulanyp hasaplamaly. Bassyrmanyň göwrümini wertikal kese kesiginiň meýdanyny (daşky sütünleriň, örtügiň ýokarky şekiliniň we poluň derjesiniň çäklerinde) onuň uzynlygyna köpeltmek arkaly kesgitleýärler.

27. Akar suwly we toparlaýyn nowalaryň turbageçirijilerindäki suwuň erkin basyşyny 2 metrden az diýip kabul etmeli däldir, awtomatiki nowalarda bolsa, nowalary öndüriji zawodyň maglumatlaryna laýyklykda kabul etmelidir.

28. Binalarda we jaýlarda suw geçiriji turbalary açyk görnüşde– diwarlaryň we sütünleriň ýüzünde we stasionar iým gaplaryň, kapasalaryň, stanoklaryň, agyllaryň, döleleriň we başgalaryň hemişe haýatlaryndan geçirmelidir.

Gezelenç edýän meýdanlarynda mallary we guşlary suwa ýakmak üçin ýerleşdirilen nowalara suw goýbermek üçin suw geçiriji turbalary geçirmegi göz öňünde tutmak gerekdir, şeýle-de bolsa suw geçiriji turbalary ders bilen galtaşyp bilýän, mehaniki täsirlere sezewar bolýan, dersleri aýyrmaga ýa-da iýmleri daşamaga päsgel berýän ýerlerden geçirmäge ýol berilmeýär.

29. Mallar, guşlar we haýwanlar üçin niýetlenen binalarda we jaýlarda önümçilik suw geçirijileriniň ulgamynda hasaplanylan hereket radiusy 30 metrden we çüwdüriminiň basyşy 5 metrden az bolmadyk pollary ýuwmak üçin kranlaryň goýulmagyny göz öňünde tutmalydyr.

30. Içki suw geçirijileriniň binalara girelgesinde ýangyna garşy göwrümleri (rezerwuarlary, suw saklaýjylary) doldurmak üçin ýangyn şlanglaryny birikdirmek üçin 50 mm diametrli birleşdiriji başjagazy göz öňünde tutmalydyr.

31. Mallar, guşlar we haýwanlar üçin niýetlenen binalarda we jaýlarda önümçilik suw geçirijileri üçin, düzgün bolşy ýaly, agyz suw geçirijileri üçin rugsat berilýän plastmassa turbalary we polat ýuka diwarly sinklenmedik turbalary ulanmak gerekdir. Hasap boýunça talap edilýän diwarynyň galyňlygyndan we diametrinden uly bolan polat turbalary ulanmaga rugsat berilmeýär.

32. Kärhana tarapyndan umumy sarp edilen suwy hasaba almak üçin suw geçirijiniň girelgesinde suw ölçeýjini goýmalydyr. Aýry-aýry binalara suw ölçeýjini gurnamak zerurlygy taslamanyň tehnologiki bölümi tarapyndan esaslandyrylmalydyr.

33. Önümçilik suw geçirijiniň ulgamy ýapyjy kiltiň goýulmagyny göz öňünde tutmalydyr:

1) suw geçirijiniň bina girelgesinde;

2) magistraldan şahalanmalarda;

3) toparlaýyn nowalarda;

4) tehnologiki enjamlaryna we ýelini ýuwulýan ulgamlara geçirijilerde.

Mallar, guşlar we haýwanlar üçin niýetlenen binalaryň we jaýlaryň önümçilik suw geçirijileriniň ulagmynda turbageçirijileri boşatmak üçin goýberiji gurluşlary göz öňünde tutmalydyr.

34. Sarp edilşini hasaplamak “Awtomatiki nowalardan mallary suwa ýakmak üçin suwuň hasaplanylan sarp edilşini  kesgitlemek” atly şu Kadalara 2-nji goşunda laýyklykda kesgitlemek gerekdir.

35. “Ýörite enjamlar tarapyndan suwuň sarp edilişi we olaryň birbada hereket etmeginiň göterimi” atly şu Kadalara 3-nji goşunda laýyklykda kabul edilmelidir.

36. Mallar, guşlar we haýwanlar üçin niýetlenen binalarynyň we jaýlarynyň içki lagym ulgamyny aşakdakylary akdyrmak üçin göz öňünde tutmalydyr:

1) mallary ýuwmakdan, jaýlary we sagym meýdançalaryny arassalamakdan, enjamlary ýuwmakdan (gaplary, apparatlary, süýt geçirijilerini we şuňa meňzeşler), guş saklanylýan ýerlerdäki akar suwly nowalardan önümçilik hapa suwlary;

2) sanitariýa enjamlaryndan hojalyk-durmuş suwlary.

37. Guşlary kapasalarda saklamak üçin bir gatly guşçylyk binalarynda we jaýlarda önümçilik hapa suwlary (pollary ýuwmakdan, enjamlary ýuwmakdan we şuňa meňzeşler) toplamaga we açyk lotoklar arkaly taraplara akdyrmaga rugsat berilýär lotoklaryň ölçegleri hasap boýunça kesgitlenilýär, emma ähli ýagdaýlarda olaryň çuňlugy 120 mm, ini bolsa 100 mm köp bolmaly däldir.

38. Guşçulyk binalarynda we jaýlarynda gurnalýan akar suwly nowalardan hapa suwlaryň magistral çykalgalarynda ýelekleri tutujylary göz öňünde tutmak zerurdyr.

39. Süýdi kabul etmek, daşamak we işlemek üçin we süýt gaplaryny ýuwmak üçin  tehnologiki enjamlaryny çüwdüriminiň uzynlygy 20 mm az bolmadyk lagym ulgamyna birikdirmelidir.

40. Mallar, guşlar we haýwanlar üçin niýetlenen binalarda we jaýlarda dersi we pollary ýuwmakdan akymlary toplamak we aýyrmak üçin gurluşlary tehnologiki taslamalaşdyrmagyň degişli kadalary boýunça taslamalaşdyrmak gerekdir.


  • IV bap. ÝYLYLYK ÜPJÜNÇILIGI, ÝYLADYŞ, HOWA ÇALŞYGY WE GYZGYN SUW ÜPJÜNÇILIGI


41. Mallar, guşlar we haýwanlar üçin niýetlenen binalaryň we jaýlaryň ýyladyş we howa çalşygy ulgamlaryny bellenen tertipde tassyklanan ýyladyş, wentilýasiýa we kondisionirlemek babatda Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryna we şu babyň kadalaryna laýyklykda taslamalaşdyrmak gerekdir.

42. Mallar, guşlar we haýwanlar üçin niýetlenen binalaryň we jaýlaryň ýyladyş we howa çalşyjy ulgamlary mallaryň we guşlaryň ýerleşdirilýän zolaklarynda berlen meteorologiýa şertlerini we howanyň arassalygyny üpjün etmelidirler temperaturany, otnositel çyglylygy, hereket tizligini we howanyň gaz düzümini.

Mallar, guşlar we haýwanlar üçin niýetlenen binalary we jaýlary howa çalşygy ulgamy bilen enjamlaşdyrmalydyr. Bu binalaryň we jaýlaryň ýyladylmaga (sowadylmaga) zerurlygy we ýyladyş (sowadyş) we howa çalşygy ulgamlarynyň öndürijiligini içki we daşky howanyň berlen görkezijilerinden, jaýlardaky ýylylyk, çyglylyk we gaz bölünip çykmagyna, gün şöhlesiniň ýylylygyna we goraýjy gurnawlar arkaly ýylylyk ýitgilerine baglylykda hasaplamak arkaly kesgitlenilýär.

Mallar, guşlar we haýwanlar üçin niýetlenen binalarynda we jaýlarynda howany kondisionirlemegi ykdysady taýdan maksada laýyk bolan ýagdaýlarda, eger berlen meteorologiýa şertleri howa çalşygy, şol sanda howany bugardyp sowadyjy howa çalşygy tarapyndan üpjün edilip bilinmedik ýagdaýlarda, tehnologiki talaplary boýunça göz öňünde tutulmalydyr.

43. Ýyladyş we howa çalşygy, gyzgyn suw üpjünçiligi we tehnologiki zerurlyklary üçin mallar, guşlar we haýwanlar üçin niýetlenen binalarynyň we jaýlarynyň ýylylyk üpjünçiligini merkezleşdirilen ulgamlardan - Ýylylyk energiýa merkezi we bug gazanhanalaryndan (Kotelny) alynmagyny göz öňünde tutmalydyr. Tehniki taýdan mümkinçiligi we ykdysady maksada laýyklygy bolan halatynda, beýleki ýylylyk çeşmelerini (elektrik gyzdyryjy gurluşlary, ýylylyk generatorlaryny we şuňa meňzeşler) ulanmaga rugsat berilýär.

Ýylylyk göteriji hökmünde 150 ºC temperaturaly gyzgyn suwy kabul etmelidir. Esaslandyrma bolan halatynda, ýylylyk göteriji hökmünde 150 ºC pes temperaturaly bugy, gyzgyn suwy ýa-da başga ýylylyk göterijini ulanmaga rugsat berilýär.

44. Ýyladyş we howa çalşygy taslanylanda içki howanyň hasaplanylan görkezijilerini kabul etmelidir:

1) esasy önümçilik jaýlarynda – maldarçylyk we guşçulyk kärhanalary we weterinariýa desgalary taslamalaşdyrmagyň tehnologiki kadalary boýunça;

2) tehnologiki taslamalaşdyrmagyň kadalary tarapyndan içki howanyň görkezijileri bellenilmedik jaýlarda – “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň 1999-njy ýylyň 31-nji dekabrynda çykaran 50 belgili karary esasynda tassyklanylan “Zähmetiň howpsuzlyk standartlarynyň ulgamy. Işçi zolagyň howasyna umumy sanitariýa-gigiýena talaplar” atly TDS-12.1.005-88 belgili Döwletara standartlaryna  laýyklykda taslanylýar.

45. Daşky howanyň hasaplanylan görkezijilerini bellenen tertipde tassyklanan ýyladyş, wentilýasiýa we kondisionirlemek babatda Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryna laýyklykda kabul etmelidir:

1) ýyladyş, howa we howa-ýylylyk perdelerini, we howany kondisionirlemegiň ulgamlary taslanylanda – B görkezijileri;

2) has sowuk bäş günlügiň ortaça temperaturasy:

a) 10ºC aşak bolan etraplarda taslamalaşdyrylýan iri şahly mallar, doňuzlar, towşanlar we guşlar üçin binalarda we jaýlarda ýylyň sowuk döwri üçin mehaniki oýanýan we howany ýyladyş howa çalşygy ulgamy taslanylanda - B görkezijileri;

b) 10ºC we ýokary temperaturaly etraplarda taslamalaşdyrylýan şol bir binalarda we jaýlarda, atlar we goýunlar üçin binalarda we jaýlarda – A görkezijileri;

3) ýylyň ýyly döwri üçin mehaniki oýanýan howa çalşygy ulgamlary taslanylanda – A görkezijileri.

Ýyladyş, howa çalşygy we howany kondisionirlemek ulgamlary taslanylanda ýylyň dowamynda ýyladyş-howa çalşygy enjamlarynyň amatly iş kadasyny göz öňünde tutmak zerurdyr. Şeýle-de bolsa, howanyň temperaturasynyň aralyk görkezijileri 10ºC we aşak bolanda, howanyň otnositel çyglylygyny aşakdakylara deň diýip kabul etmelidir:

  • 1) has sowuk bäş günlügiň ortaça temperaturasy - 15ºC ýokary etraplarda – 85%;
  • 2) -15ºC - dan 25ºC çenli – 80%;

3 ) -25ºC - dan we aşak – 75%.

Iri şahly mallar, doňuzlar, towşanlar we guşlar üçin binalarda we jaýlarda tebigy howa çalşygy taslanylanda daşky howanyň hasaplanylan temperaturasyny 5ºC, atlar we goýunlar üçin binalarda we jaýlarda -2ºC diýip kabul etmeli.

46. Mallar, guşlar we haýwanlar üçin niýetlenen binalarynyň we jaýlarynyň ýyladyş we howa çalşygy ulgamlarynyň ýylylyk kuwwaty kesgitlenilende, şu binalar we jaýlar üçin daşyndan getirilýän iýmleri gyzdyrmaga we düşekçelerden we öllenen tekizliklerden çyglylygyň bugarmagyna goşmaça ýitgileri we düşekçelerden bölünip çykýan ýylylygy göz öňünde tutmak zerurdyr.

47. Ýylylyk bölünip çykmagy bilen ýylylyk ýitgileriniň öwezi doldurylmaýan ýagdaýlarda, mallary we guşlary saklamak üçin jaýlarda akyp durýan howa çalşygy bilen utgaşdyrylan howa ýyladyşy göz öňünde tutmalydyr.

Iri şahly mallaryň doguryş bölümlerinde, jojukly mekejin, ýaş towşanlar we guşlar saklanylýan jaýlarda ýerli gyzdyryjy enjamly ýyladyş ulgamlaryny ulanmaga ýol berilýär.

Emýän jojuklary we guşlaryň jüýjelerini ýylatmak üçin lokal ýyladyş ulgamyny göz öňünde tutmak gerekdir.

48. Ýyladyjy enjamlaryň tekizliginiň temperaturasyny kabul etmelidir:

1) poluň üstünde guşlary saklamak üçin jaýlarda - 105ºC ýokary bolmaly däldir;

2) guşlary kapasalarda saklamak we mallar üçin binalarda we jaýlarda, we beýleki önümçilik binalarda we jaýlarynda - 150 ºC çenli.

49. Ýyladyş we howa çalşygy ulgamlarynyň gyzdyryjy enjamlary we turbageçirijileri mallar, guşlar we haýwanlar üçin elýeterli däl ýerlerde ýerleşdirilmelidir ýa-da goraýjy haýatlary bolmalydyr, şeýle-de bolsa, ähli ýagdaýlarda gyzdyryjy enjamlary we turbageçirijileri zyýansyzlandyrmaga we arassalamaga mümkinçilik üpjün edilmelidir.

50. Mallar, guşlar we haýwanlar üçin niýetlenen binalarda we jaýlarda howa çalşygyny, taslamalaşdyrmagyň tehnologiki kadalarynyň ýa-da taslamanyň tehnologiki bölüminiň talaplaryna laýyklykda, berlen meteorologiýa şertlerini we howanyň arassalygyny mallaryň, guşlaryň we haýwanlaryň ýerleşdirilen zolagynda üpjün etmek şertlerinden ugur alyp hasaplamak arkaly kesgitlemelidir.

Bellik: Tehnologik talaplary bilen mallaryň bir başyna ýa-da janly göwrüminiň birligine akyp gelýän howanyň iň pes möçberleri bellenilen halatynda, zyýanlary aýyrmak üçin hasaplamalar bilen kesgitlenilýän howa çalşygy ulgamlarynyň öndürijiligi şu talaplary hem kanagatlandyrmalydyr.

51. Gözenekli pollarda iri şahly mallar saklanylanda, ýerasty ýollardan we kanallardan 30% az bolmadyk mukdarda iň pes howa çalşygynyň çekijisini göz öňünde tutmalydyr.

Doňuzlary we guşlary saklamak üçin binalarda we jaýlarda aşaky zolakdan 50% az bolmadyk mukdarda iň pes howa çalşygynyň çekijisini göz öňünde tutmalydyr. Şeýle hem gözenekli pollarda doňuzlar saklanylanda görkezilen möçberdäki çekijini ýerasty ýollardan we kanallardan gurnamalydyr.

Mallar, guşlar we haýwanlar üçin niýetlenen binalarynda we jaýlarynda howa paýlaýjy ulgamlar taslanylanda howa akymlarynyň ýaýraýşyny hasap esasynda amala aşyrmak gerekdir. Mallaryň we guşlaryň ýerleşdirilen zolagyna girelgede hasaplanylan bölekdäki howanyň temperaturasy hasaplanylan temperaturadan 2 ºC köp tapawutlanmaly däldir, howanyň hereket tizligi bolsa, tehnologiki taslamalaşdyrmagyň kadalaryna gabat gelmelidir.

52. Mallar, guşlar we haýwanlar üçin niýetlenen binalarda we jaýlarda (bir binanyň we jaýyň çäginde) bellenen tertipde tassyklanan ýyladyş, wentilýasiýa we kondisionirlemek babatda Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryna laýyklykda howanyň resirkulýasiýasyny göz öňünde tutmaga ýol berilýär.

53. Mallar, guşlar we haýwanlar üçin niýetlenen binalarynyň we jaýlarynyň gyzgyn suw üpjünçiligini bellenen tertipde tassyklanan suw üpjünçiligi, daşky ulgamlar we desgalar babatda Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryna laýyklykda taslamalaşdyrmak gerekdir. Gyzgyn suwuň temperaturasyny we sarp edilişini tehnologiki taslamalaşdyrmagyň kadalary ýa-da taslamanyň tehnologiki bölümi boýunça kabul edilmelidir.


  • V bap. ELEKTROTEHNIKI GURLUŞLAR

  • 54. Elektrotehniki gurluşlar bellenen tertipde tassyklanan elektrogurluşlary gurnamaklygyň düzgünleri babatda elektrik gurulmalaryny oturtmagyň kadalaryna laýyklykda bellenilen tertipde taslamalaşdyrylmalydyr.

55. Mallar, guşlar we haýwanlar üçin niýetlenen binalaryň we jaýlaryň esasy önümçilik binalarynyň ýagtylandyrylyşyny bellenen tertipde tassyklanan tebigy we emeli ýagtylandyryş babatda gurluşyk kadalary we düzgünleri boýunça kabul etmelidir.

56. Mallar, guşlar we haýwanlar üçin niýetlenen binalaryň we jaýlaryň elektrik kabul edijileriniň toparyny we elektrik üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny üpjün etmegi oba elektrik torlaryny we elektrik stansiýalaryny tehnologiki taýdan taslamalaşdyrmagyň kadalaryna laýyklykda kabul edilmelidir.

57. Mallar, guşlar we haýwanlar üçin niýetlenen binalarda we jaýlarda elektrik potensiallaryny deňleşdirmek (gönülemek) üçin gurluşlary göz öňünde tutmak zerurdyr.



Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan

2021-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda 1436 bellige

alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan.