Aşgabatda Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty badalga aldy

Aşgabatda Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty badalga aldy

Türkmen paýtagtynda Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň dabaraly açylyşy boldy. Bu waka Aşgabadyň ykrar edilen halkara sport merkezine öwrülendiginiň, milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça maksada okgunly strategiýanyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldaw tapýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy.

 

Häzirki döwürde Bitarap Watanymyz sport äleminde haýran galdyryjy üstünlikleri gazanýar. Şeýlelikde, geçen ýyl Aşgabatda ägirt uly baýramçylyga öwrülen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary ajaýyp üstünliklere beslendi. Şu ýylyň sentýabrynda bolsa ýurdumyzda “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisi üstünlikli geçdi. Indi bolsa türkmen paýtagty ýene-de Ýer şarynyň ähli künjeklerinden — Afrikanyň, Ýewropanyň, Aziýanyň, Amerikanyň we Okeaniýanyň döwletlerinden gelen agyr atletikaçylaryň iň güýçlüler adyny almak ugrunda göreşjek iri sport ýaryşyny kabul edýär.

 

Sagdyn we işjeň durmuş ýörelgesiniň tarapdary we wagyzçysy bolan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çäksiz aladasy netijesinde ýurdumyzda bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketi giň gerime eýe boldy. Ýurdumyzda ähli ýaşdaky we hünärdäki müňlerçe adamlary birikdirýän sport çärelerini geçirmek asylly däbe öwrüldi. Üstünlikler gazanylýan sportuň ösdürilmegine, ýokary hünärli türgenleriň we tälimçileriň, beýleki ugurdaş hünärmenleriň taýýarlanylmagyna aýratyn üns berilýär. Diýarymyzyň türgenleri ilkinji orunlary eýelemek, medallara, şol sanda altyn medallara mynasyp bolmak bilen, iri halkara ýaryşlara yzygiderli gatnaşýarlar. Bularyň hemmesi ýurdumyzyň sport döwleti hökmünde abraýynyň barha artýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

 

Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty baradaky söhbede dolanmak bilen, ony geçirmegiň öň ýanynda giň gerimli, jogapkärli we toplumlaýyn taýýarlyk işleriniň alnyp barlandygyny bellemek gerek. Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde türgenler hem-de bu abraýly ýaryşlaryň guralmagyna gatnaşýanlar, myhmanlar we janköýerler üçin ähli zerur şertler döredildi. Ýokary okuw mekdeplerinde meýletinçileriň 500-e golaýy taýýarlanyldy. Çempionaty giňden beýan etmek üçin ähli çäreler görüldi, onuň türkmen, iňlis we rus dillerindäki web-saýtlary döredildi. Mundan başga-da, ýaryş baradaky maglumatlar “EURONEWS” teleýaýlymynda we 145 ýurduň teleýaýlymlary boýunça ýaýradylar.

 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek üçin bina edilen paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň düzümine girýän Sportuň oýun görnüşleriniň toplumy çempionatyň dabaraly açylyşynyň geçirilýän ýeri boldy. Indi bolsa Merkezi Aziýa sebitindäki bu iri sport toplumy halkara ýaryşlary geçirmek, türgenleri taýýarlamak we öz saglygyny berkitmek isleýänleriň ählisi üçin hyzmat edýär.

 

Şu gün Olimpiýa şäherçesiniň 15 müň orunlyk ýapyk meýdançasynyň köp sanly tomaşaçylaryň ýygnanan münberlerinde baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Hemmeler dünýäniň dürli ýurtlarynyň janköýerleriniň indiden beýläk wakalary köpçülikleýin synlanylmaly bu dünýä derejeli ýaryşyň badalga almagyny şöhratlandyrýan dabaraly açylyşyň başlanmagyna tolgunma bilen garaşýarlar.

 

Ine-de, uzak garaşdyran pursat gelip ýetýär. Hormat garawulynyň esgerleri dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny meýdança getirýärler. Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Onuň belent owazynyň astynda Watanymyzyň mukaddes baýdagy ýokary galdyrylýar. Meýdançada açyk ýaşyl yşyga lowurdaýan türkmen nagşy, göýä, herekete gelen ýaly görünýär.

 

Soňra sport toplumynyň meýdançasynda owadan sahnalaşdyrylan edebi- sazly çykyş ýaýbaňlandyrylýar. Dabaranyň başlanmagyna çenli galan soňky 10 sekundyň yza hasaby başlanýar. Meýdançada bir-birini çalyşýan sanlar şekillenýärler, bu ýere ýygnananlaryň hemmesi olary agzybirlikde sanaýar.

 

Çyralaryň ýiti şöhleleri bilen ýagtylanan sport toplumynyň meýdançasy gök asman reňkine boýalýar, şol pursatda bolsa onda ýurdumyzyň gadymy kerwen ýollaryny görkezýän karta giňden açylýar. Tomaşanyň bu bölümi “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip atlandyrylýar.

 

Meýdançada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adybir kitabynyň giň gerimli şekili peýda bolýar.

 

Watanymyzyň baý şöhratly taryhyny beýan edýän bu ajaýyp eserden tymsallar belent ruhda ýaňlanýar. Häzirki zaman lazer enjamlarynyň ulanylmagy ümsümleşen zalyň üstünden göýä gaýyp barýan ýaly bolup görünýän düýe kerwenleriniň şekillerini dikeltmäge mümkinçilik berýär.

 

Kitap giňden açylyp, haýran galýan tomaşaçylaryň gözleriniň alnynda meýdança ýyldyzly asmana öwrülip gidýär. Onda Ýedigen diýip atlandyrylýan ýyldyzlar toplumy şöhle saçýar. Meýdançada oglanjyk hem-de ady rowaýata öwrülen akyldar, milletiň ruhy piri hasaplanylýan Gorkut ata peýda bolýar. Ol özüniň bilesigeliji söhbetdeşine älem-jahan, onuň gurluşy hem-de Akmaýanyň ýoly hakynda gürrüň berýär.

 

Şol pursatda bolsa meýdançany tomaşanyň ýaş gatnaşyjylary — çagalar tans toparlaryndan we gimnastika bölümlerinden bolan körpeler doldurýarlar. Olaryň ellerinde ýyldyzlary we planetalary alamatlandyryp şöhle saçýan şarlar bar. Meýdançada lazer şöhleleri arkaly milletiň nesilbaşysy Oguz hanyň tagmasy şekillendirilýär. Gorkut ata oglanjyga türkmen halkynyň ýolunyň hem edil asmandaky Akmaýanyň ýoly ýaly açyk we aýdyňdygy, bu ýollaryň hemmesiniň Beýik Ýüpek ýolunyň ugurlary bilen birleşýändigi hakynda gürrüň berýär.

 

Soňra tomaşanyň “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” diýlip atlandyrylýan beýleki bölümi başlanýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut şeýle atlandyrylýan kitabynyň mazmunynyň içinden zamanalaryň we nesilleriň, taryhyň we türkmen medeniýetiniň häzirki gününiň aýrylmaz baglanyşygynyň beýany eriş-argaç bolup geçýär. Barha we barha altyn öwüşgine beslenýän meýdançada Garagumuň ägirt uly giňişliginiň reňkiniň astynda meşhur türkmen sazandasy Şükür bagşy peýda bolýar we ussatlyk bilen dutar çalyp başlaýar. Onuň daş-töweregini ýaş tansçylar — milli lybasdaky ýigitler we gyzlar gurşap alýarlar. Dutaryň jadyly sazy Ýer şarynyň halklaryny parahatçylyga, dostluga we doganlyga çagyryp, göýä eýýamlaryň, giňişlikleriň içinden uçup barýan ýaly bolup eşidilýär.

 

Ine-de, sazyň sesi pessaýlaýar hem-de meýdançanyň merkezinde çeşme joşup başlaýar. Garagum sährasy dessine suw giňişligine öwrülýär. Ýigitler we gyzlar nusgawy tansy ýerine ýetirýärler. Meýdançada bolsa gök reňke beslenen Suw atynyň şekili peýda bolýar. Döwlet Baştutanymyzyň behişdi bedewlerimiz hakyndaky kitabyndan tymsallar belent ruhda ýaňlanýar. Bu kitapda milletiň buýsanjy bolan meşhur behişdi atlar türkmen halkynyň baý taryhy, özboluşly ruhy we medeni ýörelgeleri bilen baglanyşykda görkezilýär.

 

Türkmen ilinde gadymy döwürlerden häzirki günlere çenli toý-baýramlaryň birisi-de ahalteke bedewleri çapylmazdan geçmeýär. Meýdançanyň merkezinde şan-şöhrata beslenen bedewleriň iň oňat wekilleriniň biri hasaplanylýan, bezemen milli at esbaplaryna beslenen Akhan peýda bolýar.

 

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň bu aty iň ýokary dünýä gazananlarynyň eýesi hökmünde Ginnesiň Rekordlar kitabyna girizilendir. Akhan iki aýagynyň üstünde çarpaýa galmak bilen, bu ugurda ozalky rekordy täzeläp, 10 metr aralygy 4,19 sekuntda geçmegi başardy. Munuň özi ozalky netijeden iki esse öňe geçilendigini aňladýar. Şu gün hem Akhan tejribeli çapyksuwaryň başarnykly erk etmeginde ýygnananlaryň hemmesinde haýran galdyryjy täsir döredip, özüniň ajaýyp gözelligini, ýöreýşini hem-de täsin başarnyklaryny görkezdi.

 

Ajaýyp Akhan aty ýeňil we buýsançly aýak basyp, gülleýän jadylaýjy bahar meýdanyna öwrülip barýan sahnadan çykyp gidýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Enä tagzym — mukaddeslige tagzym” kitabyndan öz adyny alan bölüm türkmen halkynyň nesilden-nesle aýawly geçirilýän parasatly özboluşly adatlaryna we däp-dessurlaryna bagyşlanýar. Türkmenlerde gadymy döwürlerden bäri öý-ojagyň we milletiň ruhy ahlak gymmatlyklarynyň eýesi bolan enelere çuňňur hormat we sarpa goýmak mahsusdyr.

 

Tüýdügiň we gopuzyň mylaýym owazlarynyň astynda gyzlaryň aýdymy — “Läle” kakylýar, meýdança bolsa ilki ajaýyp türkmen halylaryna, soňra bolsa milli nagyş gymmatlyklaryna bezelýär. Ýurdumyzyň folklor we tans toparlary öz ajaýyp ýerine ýetirijilik ussatlyklaryny görkezýär.

 

Eýsem, haýsy baýramçylyk gadymy adat tansy bolan ajaýyp “Küştdepdisiz” geçip biler?! Zamanalaryň we nesilleriň aýrylmaz baglanyşygynyň özboluşly nyşany hasaplanylýan küştdepdi diňe bir milli däl, eýsem, dünýäniň medeni mirasynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Şeýlelikde, ÝUNESKO-nyň çözgüdi esasynda «Küştdepdi» Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.

 

Meýdançadaky baýramçylyk şu ýylyň sentýabrynda ýurdumyzda guralan «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisine bagyşlanan görnüş bilen dowam edýär. Ýene-de Garagumuň altynsow reňkine beslenen meýdança sport awtomobili girýär hem-de aýlawy amala aşyrýar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan we bütin dünýäniň awtosürüjilerini birleşdiren bu eko-ralli-reýdiniň ugry häzirki wagtda täze taryhy şertlerde dikeldilýän meşhur Beýik Ýüpek ýoly boýunça uzaýar.

 

Şowhunyň indiki bölümi «Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur” diýen şygar astynda geçýär. Çyralaryň dürli öwüşginli şöhleleri bilen ýagtylandyrylan zalda belent sazyň astynda sportuň dürli görnüşlerine wekilçilik edýän türkmen türgenleri peýda bolýarlar. Olaryň hatarynda ýeňil atletikaçy türgenler, welosipedçiler we elbetde, ştanganyň galdyrylýan pursatlaryny janlandyryp, çempionatyň medallaryny almak ugrunda jan çekýän agyr atletikaçy türgenler bar.

 

Täsin lazer yşykly şowhun teatrlaşdyrylan görnüşiň iň gyzykly bölegi boldy. Häzirki zaman multimedia enjamlarynyň herekete getirilmegi netijesinde meýdança, göýä diýersiň, ýene-de janlanyp başlaýar, onuň ýokarsynda bolsa Türkmenistanyň Döwlet tugrasynyň we baýdagynyň, Ýer togalagynyň, Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna gatnaşýan döwletleriň baýdaklarynyň göwrümli şekilleri peýda bolýar. Soňra meýdançada biri-biriniň ornuny çalyşmak bilen sportuň dürli görnüşleriniň owadan şekilleri döreýär. Sport toplumynyň meýdançasynda ştanganyň we Aşgabatda badalga alýan Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň nyşanyny alamatlandyrýan şekil görkezilýär.

 

Lazer şöhleleri «Aşgabat 2017» oýunlarynyň keşbini — ştangany galdyryp duran dostlukly we ynamdar Wepaly alabaýyny, ýelden ýüwrük ahalteke bedewlerini, türkmen topragynyň giňişliklerinden barýan düýe kerwenlerini suratlandyrýarlar. Meýdançada şu ýylyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýen şygary şekillendirilýär.

 

Sebit we yklymara ýollarynyň strategik çatrygynda ýerleşýän ýurdumyz şowhunda öz nyşanlaýyn beýanlaryny tapan ulagyň ähli görnüşlerini — howa, demir ýol, awtomobil, deňiz görnüşlerini herekete girizmek bilen halkara multimodal üstaşyr-ulag we logistik düzümleri emele getirmek boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerinde başlangyçly we işjeň orny eýeleýär.

 

Meýdançada “Öňe, diňe öňe, jan Watanym — Türkmenistanym!” hem-de “Aşgabat 2018. Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty” diýen ýazgylar ýazylýar.

 

Lazer yşykly şowhun tamamlanandan soňra dabara elipbiý tertibinde peýda bolýan dünýä çempionatyna gatnaşyjy ýurtlaryň baýdaklarynyň meýdançadan äkidilmegi bilen dowam etdirilýär. Däbe görä, bu özboluşly ýöriş çempionaty kabul edýän ýurduň — Türkmenistanyň Döwlet baýdagy bilen jemlenýär.

 

Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna gatnaşyjylara iberen Gutlagy okalýar. Döwlet Baştutanymyz hemmeleri dünýäniň sport taryhyndaky bu şanly waka bilen tüýs ýürekden gutlap, çempionatyň örän ýokary derejede we üstünlikli geçiriljekdigine, parahatçylyk we dostluk, olimpiýa taglymlaryny we ýörelgelerini rowaçlandyrmaga uly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün badalga alýan dünýä birinjiliginiň ýene-de Türkmenistany giň möçberli halkara derejesindäki sport ýaryşlaryny guramaga ukyply ýurt hökmünde dünýä tanatjakdygyna ynam bildirip, “Her bir ynsanyň beden we ruhy taýdan sagdynlygyny gazanmakda, erki, ukyby, zehini taplamakda hereketiň — sportuň peýdasy çäksizdir. Sport ruhubelent ýaşaýşyň gözbaşydyr. Garaşsyz ýurdumyzda sportuň agyr atletika görnüşi boýunça hem ussatlyk mekdebiniň baý tejribesi toplandy».

 

“Türgenler parahatçylygyň ilçileridir. Siz Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda öz ussatlygyňyz hem-de erkiňiz bilen adalatly bäsleşikde olimpiýanyň belent maksatlaryny ösdürmelisiňiz!” diýip nygtady.

 

Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagy uly ruhubelentlik bilen diňlenildi we şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.

 

Soňra Halkara agyr atletika federasiýasynyň prezidenti doktor Tomaş Aýana söz berilýär. Ol ýygnananlara ýüzlenip, hemmeleri Türkmenistanyň gözel paýtagty Aşgabat şäherinde Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasynda görýändigine örän şatdygyny belledi. Bellenilişi ýaly, bu dünýä çempionatynyň örän ähmiýetli bolmagynyň birnäçe sebäpleri bar. Şeýlelikde, agyr atletika türgenleriniň dünýä birinjiliginiň taryhynda ýaryşlar ilkinji gezek 20-sany agram derejesinde geçiriler.

 

Halkara agyr atletika federasiýasynyň baştutany bäsleşikleriň dowamynda köp sanly täze rekordlaryň goýuljakdygyna we olaryň ýaryşyň tapawutly aýratynlygy boljakdygyna umyt bildirdi. Bu çempionatyň geljekde Tokioda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak hukugyny gazanmagyň ýolunda ilkinji ädim boljakdygy bellenildi. Şeýle-de, bu ýaryş Aşgabat şäherinde sportuň Olimpiýa görnüşi boýunça geçirilýän ilkinji dünýä çempionatydyr.

 

Jenap Tomaş Aýan bu ýaryşyň geçirilmegi üçin türkmen tarapynyň ajaýyp sport desgalaryny hem öz içine alýan ähli amatly şertleri döredip berendigini nygtap, Halkara agyr atletika federasiýasynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ägirt uly goldawy, şeýle hem agyr atletika sportunyň ösüşine goşýan goşandy üçin çuňňur hoşallyk bildirdi.

 

Aýgytlaýjy pursat gelip ýetýär. Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty açyk diýlip yglan edilýär.

 

Diňe bir ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň däl-de, ähli gatnaşyjylaryň uly ruhubelentlik bilen milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döreden “Öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» diýen aýdymyny ýerine ýetirmekleri sport baýramynyň aýdyň jemlenmesi boldy.

 

Şu gün Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň açylmagy mynasybetli Döwlet senasy ýaňlanan pursadynda paýtagtymyzyň Olimpiýa stadionynyň gümmezini bezeýän ahalteke bedewiniň şekiliniň üstündäki çanakda sportuň, parahatçylygyň we dostlugyň, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň halkara sport hereketiniň taglymlaryna üýtgewsiz ygrarlylygynyň nyşany hökmünde ýene-de alawyň ýakylandygy hem beýik döwrümiziň ajaýyp hakykatydyr.