Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen duşuşygynda eden çykyşy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen duşuşygynda eden çykyşy

Hormatly deputatlar!

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen her ýyl duşuşmak bizde indi däbe öwrüldi. Ine, şu gün hem siziň bilen häzirki döwürde ata Watanymyzy ösdürmegiň örän möhüm taraplaryny göz öňünde tutýan bilelikde ýerine ýetirmeli işlerimiziň ugurlaryny kesgitlemek üçin ýygnandyk.

Biz geçen ýyllaryň dowamynda öz maksatlarymyzy we wezipelerimizi goldanyp, dünýä ykdysadyýetiniň aýrylmaz bölegine öwrülen milli ykdysadyýetimizi döretdik. Netijede, Garaşsyz, Bitarap Watanymyz dünýäde has ýokary depginler bilen ösýän döwletleriň hataryna goşuldy. Men häzir gazanan ähli üstünliklerimizi gaýtalap durjak däl. Siziň bilşiňiz ýaly, bu üstünliklerimizi Ministrler Kabinetiniň ýaňy-ýakynda geçirilen giňişleýin mejlisinde jikme-jik ara alyp maslahatlaşdyk.

Ösüşiň bar bolan kynçylyklaryna garamazdan, özbaşdak ýoly saýlap almak bilen, Garaşsyz döwletimiz ýokary depginler bilen ösmegi üpjün etmäge ukyplydygyny bütin dünýä subut etmegi başardy.

Biz dürli pudaklarda giň gerimli özgertmeleri öňe sürdük we üstünlikli amala aşyrdyk. Bu bolsa ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde möhüm sepgitlere ýetmäge mümkinçilik berdi. Gazanylan bu üstünliklere Mejlisiň deputatlarynyň saldamly goşant goşandyklaryny we goşýandyklaryny kanagatlanmak bilen bellemek isleýärin. Deputatlar mähriban halkymyzyň bagtyýar geljeginiň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmagyň üstünde tutanýerli işleýärler. Munuň üçin men siziň ähliňize tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin!

Wagt geçip barýar. Dünýä özgerýär. Täze tehnologiýalar, giň gerimli taslamalar ýüze çykýar. Şoňa görä-de, dünýä ykdysadyýeti bilen aýakdaş gitmek üçin biz ýaňy-ýakynda ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny kabul etdik. Berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini gazanmak, ykdysady mümkinçiligini artdyrmak, mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmak maksatnamanyň esasy maksady bolup durýar. Bu Maksatnamany doly möçberde durmuşa geçirmek üçin, biziň ählimiz bilelikde, Türkmenistanyň Mejlisi hem, Hökümeti hem, jemgyýetimiz hem yhlas bilen tutanýerli işlemelidir.

Şoňa görä-de, Maksatnamada göz öňünde tutulan ägirt uly özgertmeleriň hukuk esasyny döretmek, bazar ykdysadyýeti şertlerinde pudaklaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga, olaryň dünýä ykdysady giňişligine işjeň goşulmagyna, raýatlaryň telekeçilik başlangyçlaryny goldamaga, maýa goýum işjeňligini höweslendirmäge, döwlet emlägini hususylaşdyrmaga we paýdarlar jemgyýetlerine öwürmäge gönükdirilen täze kanunçylyk namalaryny kabul etmek hem-de kanunlary yzygiderli kämilleşdirmek Mejlisiň ilkinji nobatdaky örän möhüm wezipesidir.

Hormatly deputatlar!

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!

Maýa goýumlaryny, şol sanda daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek şu Maksatnamany doly möçberde ýerine ýetirmegiň zerur şertleriniň biridir. Şoňa görä-de, daşary ýurt maýadarlarynyň hem, öz telekeçilerimiziň hem maýa goýumlaryny çekmegiň amatly maýa goýum, hukuk, maliýe we beýleki şertlerini döretmek boýunça kanunlary, ilkinji nobatda, kämilleşdirmek, iň öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan, bäsleşige ukyply önümleri öndürjek döwrebap kärhanalary döretmegi höweslendirmek zerurdyr.

Biz hususy telekeçiligi ösdürmegiň maksatnamasyny amala aşyrmaga aýratyn ähmiýet berýäris. Şoňa görä-de, häzirki wagtda bazar gatnaşyklarynyň ösüşine görä, döwlet bilen hususy pudagyň sazlaşykly işlemegi möhüm bolup durýar. Bu meseleleri düzgünleşdirýän kanunçylyk namalaryny yzygiderli seljerip hem-de kämilleşdirip durmaly. Men döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakyndaky kanuny işläp taýýarlamaga hem wagt boldy diýip pikir edýärin.

Hormatly deputatlar!

Döwlet serişdelerini aýawly peýdalanmaga degişli kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmek baradaky mesele hem örän möhümdir. Halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, býujet-salgyt, pul-karz gatnaşyklaryny netijeli düzgünleşdirmek hem zerurdyr. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň salgyt kanunçylygyny yzygiderli seljerip durmaly we bu ugurdaky kanunlary kämilleşdirmek boýunça degişli işleri geçirmeli.

Bank işini düzgünleşdirýän milli kanunçylygy döwrebaplaşdyrmagy, bank hyzmatlarynyň görnüşlerini giňeltmegi, bank goýumlarynyň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmagy dowam etmeli. Dünýä tejribesi esasynda hasaplaşyk-töleg ulgamyny kämilleşdirmeli, täze gazanylan üstünlikleri ornaşdyrmaly we döwlete degişli bolmadyk banklary döretmeli. Töleg ulgamy hakyndaky hem-de girew we ipoteka hakyndaky kanunlar kabul edilse, maksadalaýyk bolar diýip hasap edýärin.

Hormatly deputatlar!

«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» hem Döwlet maksatnamasynyň doly derejede amala aşyrylmagyna hyzmat etmelidir. Bu barada aýtmak bilen, men ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň ygtybarly hukuk esaslaryny döretmek boýunça gaýragoýulmasyz işi geçirmegiň zerurdygyna deputatlaryň ünsüni çekmek isleýärin.

Hormatly deputatlar!

Bazar gatnaşyklarynyň ösüşiniň täze tapgyrynyň şertlerinde ilatymyzyň durmuş taýdan goraglylygy aýratyn gözegçilikde saklanmalydyr. Bu biziň döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugrudyr. Ilatyň iş bilen üpjünçiligini ýokary derejede saklamak hem ýurdumyzyň alyp barýan durmuş syýasatynyň aýrylmaz bölegidir. Şoňa görä-de, deputatlar raýatlaryň zähmet gatnaşyklary, durmuş taýdan goraglylygy babatdaky kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça belli bir maksada gönükdirilen işleri alyp barmalydyr.

Şu maksat bilen, Türkmenistanyň Zähmet kodeksine, Ilaty durmuş taýdan goramak hakyndaky kodeksine we Durmuş-zähmet gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek boýunça üçtaraplaýyn topar hakyndaky Kanuna üýtgetmeleri we goşmaçalary öz wagtynda girizmeli. Şunuň bilen baglylykda, durmuş kömegine we hyzmatlara mätäç adamlary goldamak hakyndaky kanunçylyga seljerme geçirmeli hem-de onuň täze usullaryny işläp taýýarlamaly.

Hormatly deputatlar!

Soňky ýyllarda biz bilim berýän edaralaryň maddy-tehniki binýadyny düýpli pugtalandyrdyk. Ýöne gazanan üstünliklerimiz bilen çäklenmeli däldiris. Ýurdumyzy geljekde durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň strategiýasy, amala aşyrylýan düýpli özgertmeler bizden bilim ulgamynda degişli reformalary geçirmegi talap edýär. Ýagny bu ulgamy maliýeleşdirmek, dolandyrmak we onuň gurluşy hem-de beýleki meseleleri bilen bagly kanunçylyga üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmegi göz öňünde tutýar.

Ilki bilen, bu ugurda bilim bermegiň täze standartlary, dünýäde gazanylan öňdebaryjy usullary ornaşdyrmak arkaly okuwyň hilini ýokarlandyrmak, ähli bilim edaralary üçin Internet ulgamynyň elýeterli bolmagyny üpjün etmek boýunça işleri geçirmelidir. Biz bilim ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen, Sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasyny we bu konsepsiýany durmuşa geçirmegiň meýilnamasyny tassykladyk.

Bu konsepsiýanyň esasy maksady ýurdumyzy innowasion taýdan ösdürmäge laýyklykda, bilim ulgamynyň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmekdir. Bilim edaralarynda alynýan bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmakdyr we hilini ýokarlandyrmakdyr. Şeýle hem okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekdir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bu ugurdaky kanunçylygy kämilleşdirmek bilen bagly zerur işleri geçirmelidir.

Hormatly deputatlar!

Ylmy ösdürmek hem Garaşsyz döwletimizde alnyp barylýan syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu ugurda ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek maksady bilen, degişli kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamaly. Bu kanunlaryň taslamalary ylmy işgärleriň hukuklaryny we borçlaryny has-da anyklamalydyr. Olaryň erkin ylmy döredijiligini we durmuş goraglylygyny üpjün etmegi kepillendirmelidir. Alymlaryň alyp barýan işlerini maddy we ahlak taýdan höweslendirmek we ýaşlary ylma çekmek meselelerine üns bermeli. Ylmy-tehniki maglumatlary toplamak, ýaýratmak we bermek üçin çäreleri göz öňünde tutmaly.

Ylmy-tehniki ösüşiň iş ýüzündäki netijelerini giňden ulanmak, önümçilige öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, barha giňeýän aň-düşünje mümkinçiliklerinden peýdalanmak, ýurdumyzyň milli kanunçylygyny Türkmenistanyň goşulan halkara konwensiýalarynyň kadalaryna laýyk getirmek maksady bilen bu ugurda kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça işleri dowam etmeli.

Oýlap tapyşlary hem-de senagat nusgalaryny hukuk taýdan goramak we peýdalanmak bilen bagly döreýän meseleler örän möhüm ähmiýete eýedir.

Şu wezipeden ugur alyp, elektron resminamalar we elektron resminama dolanyşygy hakynda, haryt nyşanlary, hyzmat ediş nyşanlary we harytlaryň gelip çykan ýeriniň ady hakynda, rasionalizatorçylyk işi hakynda täze kanunlar kabul edilse, maksadalaýyk bolar diýip hasap edýärin.

Dürli pudaklarda amala aşyrylýan işleriň we hyzmatlaryň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak babatda kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça işleri hem dowam etmeli. Işiň aýry-aýry görnüşlerini, işleri, hyzmatlary ygtyýarlylandyrmagyň tertibine gaýtadan seretmek, gerek bolsa ýatyrmak, ýönekeýleşdirmek we olara standartlaryň talaplaryny güýçlendirmegiň hukuk esaslaryny döretmek bilen bagly milli kanunçylygyň düzgünlerini we kadalaryny yzygiderli kämilleşdirmeli.

Şu maksat bilen, «Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakyndaky» we «Standartlaşdyrmak hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunlaryny kämilleşdirmek boýunça işleri alyp barmagy maksadalaýyk hasaplaýaryn.

Hormatly deputatlar!

Häzirki döwürde ýaşlarymyzyň jemgyýetiň we döwletiň durmuş-ykdysady, syýasy hem-de medeni durmuşyna doly gatnaşmagy üçin ähli şertler döredildi. Ýaşlary goldamak üçin ýaş nesli terbiýelemek babatda hereket edýän kanunçylyga degişli üýtgetmeleri girizmek boýunça işi alyp barmaly.

Şu maksat bilen, täze çemeleşmeleri göz öňünde tutýan halkara tejribäni, milli mirasymyza, ata-babalarymyzyň däp-dessurlaryna hormat goýmagy nazara almak bilen, kanunçylygymyzy kämilleşdirmek boýunça işi dowam etmeli.

Men döwlet ýaşaýyş-durmuş syýasatynyň kanunçylyk esaslaryny mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine hem üns bermek zerur diýip hasaplaýaryn. Bu syýasat şäherçelerde we obalarda işleýän ýaş hünärmenleri goldamaga, durmuş taýdan, hususan-da, ýaşaýyş jaýlarynyň elýeterliligini üpjün etmäge gönükdirilmelidir.

Hormatly deputatlar!

Ol ýa-da beýleki kanunlary kabul etmegi sanap geçmek we esaslandyrmak bir çykyşyň dowamynda mümkin däl. Men ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösmegi, «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda ýokary netijeleriň gazanylmagy üçin ýakyn wagtda has gerekli we zerur bolan kanunlary sanap geçjek.

1. Döwlet edaralarynyň we wezipeli adamlaryň öz ygtyýarlyklaryny ýerine ýetirmegi üçin netijeli işlemegini üpjün edýän kanunçylyk namalaryny işläp taýýarlamak we kämilleşdirmek jemgyýetiň hem-de döwletiň durmuşyny guramakda möhüm orny eýeleýär.

Şunuň bilen baglylykda, «Döwlet gullukçysynyň etikasy we gulluk özüni alyp barşy hakyndaky» hem-de «Döwlet gullugy hakyndaky» ýaly Kanunlary kämilleşdirmäge uly üns bermeli.

2. Daýhan hojalyklarynyň sanyny köpeltmek, telekeçileri oba hojalyk önümçiligine çekmek, oba hojalyk ekinleriniň dürli görnüşlerini ýetişdirmek, olardan ýokary hasyl almak, suw meselelerini çözmek, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek maksatnamanyň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar.

Bu meselede diňe bir döwletiň oba hojalyk önümlerini öndürijilere berýän ähli ýeňillikli kömegi däl-de, eýsem, zerur bolsa, Mejlisiň deputatlarynyň kanunçylyk namalaryna öz wagtynda düzedişleri girizmegi hem möhümdir.

3. Kanun çykaryjylyk işinde kanunylygy we hukuk tertibini berkitmek, bu ugurdaky işiň hukuk taraplaryny kämilleşdirmek meseleleri möhüm ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, täze talaplardan ugur alyp, Türkmenistanyň Jenaýat, Administratiw hukuk bozulmalary hakynda, Raýat we Arbitraž-iş ýörediş kodekslerini kämilleşdirmek örän möhüm wezipedir.

4. Biz häzirki zaman medeniýetimizi hemmetaraplaýyn ösdürmegi hem dowam etmelidiris. Şu meselede halkymyzyň medeni mirasyny, asyrlardan gözbaş alyp gaýdýan ruhy gymmatlyklarymyzy dikeltmäge we aýawly gorap saklamaga esaslanmalydyrys. Bu ulgamy ösdürmäge döwletimiz tarapyndan ýardam bermek boýunça goşmaça kanun çykaryjylyk çärelerini kabul etmäge borçludyrys.

5. Ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek hem alyp barýan döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Biz bu ugurdaky kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça degişli işleri geçirmegi dowam etmelidiris. Zerur bolanda hereket edýän kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri hem-de goşmaçalary girizmelidiris.

6. Ilaty elýeterli bahadan zerur bolan gurluşyk serişdeleri bilen üpjün etmek, etrap merkezlerinde we uly obalarda köp gatly ýaşaýyş jaýlaryny gurmak, ýaş hünärmenlere, aýratyn-da, ýaş mugallymlara we lukmanlara, agronomlara we beýleki hünärmenlere oňaýly ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretmek örän möhüm wezipedir. Munuň özi olaryň oba ýerlerinde ornaşmagyna ýardam berer.

Bu ugurdaky kanunlary kämilleşdirmek deputatlaryň hemişe üns merkezinde bolmalydyr.

7. Daşky gurşawy goramak babatda täze kanunlary kabul etmek we hereket edýänlerine üýtgetmeleri hem-de goşmaçalary girizmek boýunça alnyp barylýan işleri yzygiderli dowam etmeli. Şonuň bilen birlikde, ekologiýa auditi hakyndaky kanuny işläp taýýarlamaly. Şeýle hem «Ýer hakyndaky» Türkmenistanyň bitewi Kanunyny we beýleki kanunçylyk namalaryny işläp taýýarlamak we kabul etmek üçin tagallalary jemlemeli.

8. Şu ýyl biz ähli etraplaryň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň dolandyryş-çäk taýdan bölünişini kämilleşdirmek meseleleri boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň degişli çözgütleri kabul etmegine garaşýarys.

Men dolandyryş-çäk gurluşy ulgamynda toplanan tejribe esasynda milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmegi dowam etmek maksadalaýyk bolar diýip pikir edýärin. Bu amala aşyrýan ykdysady we durmuş özgertmelerimiziň maksatlaryna we wezipelerine doly laýyk gelmelidir.

9. Ulag ulgamynyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek hem zerur bolup durýar. Ykdysady we ýaşaýyş-durmuş ulgamlarynyň durnukly bolmagy ulag ulgamynyň ygtybarly işlemegine ýokary derejede baglydyr.

Şoňa görä-de, Mejlis ulag üpjünçilik ulgamynyň işlemegi we ösmegi baradaky meseleleri düzgünleşdirýän kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça işi dowam etdirse, maksadalaýyk bolar diýip hasaplaýaryn. Şu meselede esasy maksat hususy telekeçileriň maýa goýumlaryny bu pudaga çekmekden, ulag hyzmatlary ulgamynda hususy kompaniýalary we bäsleşigi ösdürmekden ybarat bolmalydyr.

10. Deputatlar syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň hukuk ýagdaýyny kesgitleýän kanunlaryň hem ähmiýetine üns bermelidir. Bu ugurda kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kämilleşdirmek boýunça işi dowam etdirmek hem jemgyýetimiziň ösüşiniň täze tapgyrynyň örän möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar.

Hormatly deputatlar!

Döwletimiziň alyp barýan daşary syýasat meselelerine degip geçmek bilen, bu barada gysgaça durup geçmek isleýärin. Sebäbi, biz bu meselä geçen ýylyň dekabrynda diplomatlarymyz bilen geçiren duşuşygymyzda jikme-jik seretdik.

Mälim bolşy ýaly, biziň döwletimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Rezolýusiýalary bilen ykrar edilen hemişelik oňyn bitaraplyk daşary syýasat konsepsiýasyna eýerýär. Şoňa laýyklykda, Merkezi Aziýada we bütin dünýäde parahatçylygy hem-de durnuklylygy saklamaga gönükdirilen parahatçylyk söýüji syýasaty alyp barýar.

Türkmenistanyň beýleki döwletler, halkara guramalar, ozaly bilen, Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň edaralary bilen gatnaşyklary döwletimiziň daşary syýasat ulgamy hem-de diplomatik tagallalary bilen bagly milli kanunçylygymyzy mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň zerurdygyny öňe çykarýar.

Biz Bitarap döwletimiziň daşary syýasatynyň parahatçylyk söýüji ugruny üpjün etmegiň hukuk usullaryny döretmäge we kämilleşdirmäge üns bermelidiris. Şoňa görä-de, Mejlisiň deputatlarynyň wezipelerine türkmen bitaraplygyny kanunçylyk taýdan esaslandyrmak, hukuk tebigatyny açyp görkezmek we halkara giňişlikde biziň döwletimiziň başlangyçlaryny wagyz etmek meseleleri girmelidir.

Türkmenistanyň Mejlisiniň dünýäniň köp döwletleriniň parlamentleri bilen gatnaşyklary ýola goýmak we ösdürmek boýunça alyp barýan işleri bellenilmäge hem-de oňyn baha berilmäge mynasypdyr. Mejlisiň wekilleri dürli ýurtlaryň parlamentleri bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak we mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça netijeli işleri alyp barmalydyr. Halkara guramalar we ozaly bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň düzümine girýän edaralar bilen hyzmatdaşlygy belli bir maksada gönükdirip, yzygiderli alyp barmalydyr.

Häzirki döwre çenli Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan dünýäniň onlarça dürli döwletleriniň parlamentleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek hakyndaky ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi we dostluk hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ýola goýuldy. Türkmenistanyň Mejlisiniň daşary döwletleriň parlamentleri bilen Parlamentara dostluk toparlary döredildi.

Mejlisiň deputatlaryna abraýly halkara we parlamentara guramalar bilen dostlukly gatnaşyklary hem-de netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça işi geljekde hem depginli alyp barmagy teklip etmegi zerur diýip hasaplaýaryn.

Hormatly deputatlar!

Milli kanunçylyk ulgamynyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň täze talaplaryna laýyk getirilmegi ata-babalarymyzdan miras galan adalatlylyk, deňlik we ynsanperwerlik kadalaryna daýanmalydyr. Hut şu kadalar biziň içeri we daşary syýasatymyzyň esasy bolup durýar.

Häzirki döwürde Türkmenistanyň Mejlisi bilen Ministrler Kabinetiniň işi sazlaşykly we ylalaşykly alnyp barylmalydyr. Ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary kadalaşdyryjy hukuk namalaryny wagtynda kabul etmek boýunça degişli işleri geçirmelidir.

Kanunlar kagyz ýüzünde galmaz ýaly, kabul edilen kanunlaryň esasynda zerur düzgünnamalary, gözükdirijileri, beýleki namalary kabul etmelidir. Türkmenistanyň Mejlisi hem-de Adalat ministrligi öz gezeginde bu işiň ýagdaýyna gözegçilik etmeli. Şu meselä bildirilýän talaplar kanun arkaly düzgünleşdirilmeli.

Ilatyň hukuk medeniýetini we sowatlylygyny ýokarlandyrmak Mejlisiň deputatlarynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolmalydyr. Türkmenistanyň Mejlisiniň kabul edýän kanunlarynyň mazmunyny düşündirmek boýunça işleri giň gerimli we netijeli amala aşyrmaly.

Şu maksat bilen, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, şol sanda gazet-žurnallaryň, teleradioýaýlymlaryň kömegi bilen kanunçylyk namalarynyň düzgünlerini wagyz etmek boýunça mümkinçiliklerini peýdalanmaly we bu işiň hilini ýokarlandyrmaly.

Mart aýynda saýlawlary hem ýokary derejede geçirmeli.

Hormatly deputatlar!

Meniň çykyşymda gozgalan wezipeleriň we meseleleriň mundan beýläk-de amala aşyryljak kanunçykaryjylyk işine ýardam berjekdigine pugta ynanýaryn.

Biz şunuň bilen duşuşygymyzy geçirip gutarýarys. «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda siziň ähliňize berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan möhüm döwlet işiňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

 

Aşgabat şäheri, 2019-njy ýylyň 7-nji fewraly