Habarlar

Habarlar

13.09.2019

Türkmenistan - Altyn Asyr

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

"Türkmenistan: Altyn Asyr" elektron gazetinden alnan

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň durmuşa geçirilişiniň barşyna baha berildi, hökümetiň hem-de aýry-aýry ministrlikleriň işiniň netijelerine garaldy.

Giňişleýin

13.09.2019

Türkmenistan - Altyn Asyr

Milli Liderimiziň “Türkmen alabaýy” atly kitaby milli gymmatlyklary wagyz etmekde täze belentlikdir

"Türkmenistan: Altyn Asyr" elektron gazetinden alnan

Ministrler Kabinetiniň anna güni bolan giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen alabaýyna bagyşlanan täze kitabynyň çapdan çykandygyny habar berdi. Döwlet Baştutanymyzyň milli taryhy-medeni gymmatlygyň ýene-de bir ugruny açyp görkezýän nobatdaky eseri ýetip gelýän Garaşsyzlyk güni mynasybetli ildeşlerimize baýramçylyk sowgady boldy.

Giňişleýin

12.09.2019

Türkmenistan - Altyn Asyr

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygyny kabul etdi

"Türkmenistan: Altyn Asyr" elektron gazetinden alnan

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen paýtagtyna gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy — Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedewi kabul etdi.

Giňişleýin

11.09.2019

Türkmenistan - Altyn Asyr

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI gurultaýynda sözlän sözi

"Türkmenistan: Altyn Asyr" elektron gazetinden alnan

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ruhubelent we bagtyýar ýaşlary!

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!

Hormatly professor-mugallymlar!

Gadyrly gurultaýa gatnaşyjylar!

 

Ilki bilen, sizi «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynyň şanly wakasy bolan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI gurultaýynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

 

Siziň bilşiňiz ýaly, ýaňy Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň täze düzüminiň saýlawlary geçirildi. Men Ýaşlar guramasynyň täze saýlanan ýolbaşçylaryny tüýs ýürekden gutlaýaryn we olara uly üstünlikleri arzuw edýärin!

 

Giňişleýin

11.09.2019

Türkmenistan - Altyn Asyr

Milli Liderimiz Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI gurultaýyna gatnaşdy

"Türkmenistan: Altyn Asyr" elektron gazetinden alnan

Şu gün paýtagtymyzdaky «Mekan» köşgünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI gurultaýy geçirildi. Beýik Garaşsyzlygymyzyň 28 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen forumyň işine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Giňişleýin

11.09.2019

Türkmenistan - Altyn Asyr

Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň ýokary wezipeli wekillerini kabul etdi

"Türkmenistan: Altyn Asyr" elektron gazetinden alnan

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýewiň hem-de Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy R.Jepbarowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň esasy bank edaralarynyň öňünde durýan möhüm wezipeler, Türkmenistany 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny maliýeleşdirmegiň meseleleri, sanly ykdysadyýete geçmek baradaky maksatnama, halk hojalyk toplumynda taslamalary amala aşyrmak üçin maýa goýumlary çekmek baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Giňişleýin

10.09.2019

Türkmenistan - Altyn Asyr

Türkmenistanyň Prezidenti bank ulgamyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi

"Türkmenistan: Altyn Asyr" elektron gazetinden alnan

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýewiň hem-de Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy R.Jepbarowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň esasy bank edaralarynyň öňünde durýan möhüm wezipeler, Türkmenistany 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny maliýeleşdirmegiň meseleleri, sanly ykdysadyýete geçmek baradaky maksatnama, halk hojalyk toplumynda taslamalary amala aşyrmak üçin maýa goýumlary çekmek baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Giňişleýin

09.09.2019

Türkmenistan - Altyn Asyr

Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

"Türkmenistan: Altyn Asyr" elektron gazetinden alnan

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.

Giňişleýin

06.09.2019

Türkmenistan - Altyn Asyr

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

"Türkmenistan: Altyn Asyr" elektron gazetinden alnan

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Giňişleýin

05.09.2019

Türkmenistan - Altyn Asyr

«Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlaryň harby okuw-türgenleşigi geçirildi

"Türkmenistan: Altyn Asyr" elektron gazetinden alnan

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemlerine garaldy, şeýle hem ýurdumyzyň harby düzümleriniň «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlarynyň bilelikdäki görkezme harby okuw türgenleşigine gatnaşdy.

Giňişleýin

03.09.2019

Türkmenistan - Altyn Asyr

Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

"Türkmenistan: Altyn Asyr" elektron gazetinden alnan

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny amala aşyrmak, möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmek, öňde boljak baýramçylyk senelerine we şanly wakalara görülýän taýýarlyk bilen bagly wezipeler girizildi.

Giňişleýin

02.09.2019

Türkmenistan - Altyn Asyr

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

"Türkmenistan: Altyn Asyr" elektron gazetinden alnan

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň Diwanynyň Iş dolandyryjysynyň, nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň häkiminiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda Garaşsyzlyk gününe we Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görlüşine, şeýle hem beýleki birnäçe meselelere garaldy.

Giňişleýin

30.08.2019

Türkmenistan - Altyn Asyr

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

"Türkmenistan: Altyn Asyr" elektron gazetinden alnan

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowa söz berdi. Ol milli ykdysadyýetimiziň ösüş depginini ýokarlandyrmak, gözegçilik edýän ulgamynyň edaralarynyň işini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler hem-de sanly ykdysadyýete geçmek boýunça konsepsiýany durmuşa geçirmegiň barşy barada hasabat berdi.

Giňişleýin

30.08.2019

Türkmenistan - Altyn Asyr

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 74-nji mejlisinde Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary

"Türkmenistan: Altyn Asyr" elektron gazetinden alnan

Birleşen Milletler Guramasynyň agzasy bolmak bilen, Türkmenistan bu gurama halkara parahatçylygy, howpsuzlygy gorap saklamak we pugtalandyrmak, ähli döwletleriň hem-de halklaryň durnukly ösüşini üpjün etmek meseleleri boýunça dünýä jemgyýetçiliginiň mandatyna eýe bolan ýeke-täk halkara düzüm hökmünde garaýar.

 

 

 

Giňişleýin

27.08.2019

Türkmenistan - Altyn Asyr

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Singapur Respublikasyna döwlet sapary

"Türkmenistan: Altyn Asyr" elektron gazetinden alnan

Düýn Singapur Respublikasyna döwlet sapary bilen gelen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Singapuryň Prezidenti Halima Ýakob hem-de ýurduň Premýer-ministri Li Sýan Lun bilen gepleşikleri geçirdi.

Giňişleýin

26.08.2019

Türkmenistan - Altyn Asyr

Türkmenistanyň Prezidentiniň Singapur Respublikasyna döwlet sapary başlandy

"Türkmenistan: Altyn Asyr" elektron gazetinden alnan

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Singapur Respublikasyna ugrady. Döwlet Baştutanymyzy Aşgabadyň Halkara howa menzilinden resmi adamlar ugratdylar.

Birnäçe sagatdan soň, hormatly Prezidentimiziň uçary Singapuryň «Çangi» Halkara howa menziline geldi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy dostlukly ýurduň ýokary wezipeli wekilleri, şeýle hem Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary garşyladylar.

Giňişleýin

23.08.2019

Türkmenistan - Altyn Asyr

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

"Türkmenistan: Altyn Asyr" elektron gazetinden alnan

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň işine garaldy, birnäçe resminamalar kabul edildi.

 

Giňişleýin

19.08.2019

Türkmenistan - Altyn Asyr

Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

"Türkmenistan: Altyn Asyr" elektron gazetinden alnan

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda obasenagat toplumyny mundan beýläk-de ösdürmegiň ilkinji nobatdaky wezipeleri, şeýle hem döwlet durmuşyna degişli beýleki möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Giňişleýin

16.08.2019

Türkmenistan - Altyn Asyr

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

"Türkmenistan: Altyn Asyr" elektron gazetinden alnan

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere, şeýle hem taýýarlanan birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowa söz berdi. Wise-premýer birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde geçirilen çäreleriň jemleri hem-de gazanylan ylalaşyklar barada hasabat berdi.

Giňişleýin

16.08.2019

Türkmenistan - Altyn Asyr

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi

"Türkmenistan: Altyn Asyr" elektron gazetinden alnan

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Abdulaziz Kamilowy kabul etdi.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň mähirli salamyny hem-de milli Liderimize we ähli doganlyk türkmen halkyna parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Giňişleýin

14.08.2019

Türkmenistan - Altyn Asyr

Birinji Hazar ykdysady forumynyň jemleri boýunça başlyklygyň Beýannamasy

"Türkmenistan: Altyn Asyr" elektron gazetinden alnan

2019-njy ýylyň 11-12-nji awgustynda Türkmenistanyň Türkmenbaşy şäherinde Birinji Hazar ykdysady forumy geçirildi.

Forumyň çäklerinde birnäçe halkara çäreleri guraldy, bu çäreleriň netijeleri boýunça şu aşakdakylar bellenildi:

Giňişleýin

12.08.2019

Türkmenistan - Altyn Asyr

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň duşuşygy

"Türkmenistan: Altyn Asyr" elektron gazetinden alnan

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ýurdumyza birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmak üçin gelen wekiliýetiň ýolbaşçysy, Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Dmitriý Medwedewiň arasynda duşuşyk boldy.

Giňişleýin

12.08.2019

Türkmenistan - Altyn Asyr

Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşygy

"Türkmenistan: Altyn Asyr" elektron gazetinden alnan

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministri Abdulla Aripow bilen duşuşygy boldy.

Döwlet Baştutanymyz belent mertebeli myhman bilen mähirli salamlaşyp, häzirki foruma gatnaşýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi we ýurdumyzda Özbegistan Respublikasy bilen dostluk gatnaşyklaryna ýokary baha berilýändigini belledi, bu dostlukly ýurt gadymdan gelýän ygtybarly hyzmatdaşymyz bolup durýar.

Giňişleýin

12.08.2019

Türkmenistan - Altyn Asyr

Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň Birinji Wise-prezidenti bilen duşuşdy

"Türkmenistan: Altyn Asyr" elektron gazetinden alnan

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Birinji Wise-prezidenti Eshak Jahangiri bilen duşuşdy.

Myhman mähirli kabul edişlik üçin hoşallyk bildirip, türkmen döwletiniň Baştutanyna Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhanynyň salamyny we tutuş türkmen halkyna abadançylyk we gülläp ösüş baradaky arzuwyny ýetirdi. Pursatdan peýdalanyp, Eshak Jahangiri milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy mukaddes Gurban baýramy, şeýle hem şu günki şanly waka — birinji Hazar ykdysady forumynyň açylmagy bilen gutlady.

Giňişleýin

12.08.2019

Türkmenistan - Altyn Asyr

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň duşuşygy

"Türkmenistan: Altyn Asyr" elektron gazetinden alnan

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Askar Mamin bilen duşuşygy boldy. Ol birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmak üçin uly wekiliýete baştutanlyk edip, ýurdumyza geldi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurduň hökümetiniň Baştutany bilen salamlaşyp, Türkmenistan bilen çuňňur taryhy, ruhy we medeni kökleri bilen baglaşan Gazagystanyň ýurdumyzyň möhüm hyzmatdaşlarynyň biri bolandygyny we şeýle bolmagynda galýandygyny nygtady. Bu ýurt bilen özara gatnaşyklara aýratyn üns berilýär.

Giňişleýin

12.08.2019

Türkmenistan - Altyn Asyr

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministriniň duşuşygy

"Türkmenistan: Altyn Asyr" elektron gazetinden alnan

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ýurdumyza birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmak üçin gelen wekiliýetiň ýolbaşçysy, Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri Nowruz Mamedowyň arasynda duşuşyk boldy.

Hormatly Prezidentimiz Azerbaýjan hökümetiniň ýolbaşçysyny mähirli garşylap, myhmana iki ýurduň dostlugynyň we hyzmatdaşlygynyň pugtalanmagyna ýardam etjek häzirki foruma gatnaşýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Giňişleýin

12.08.2019

Türkmenistan - Altyn Asyr

Birinji Hazar ykdysady forumyna sebitiň ýurtlarynyň hökümet Baştutanlary gatnaşdylar

"Türkmenistan: Altyn Asyr" elektron gazetinden alnan

Şu gün bu ýerde, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde birinji Hazar ykdysady forumy geçirildi, oňa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

 

Giňişleýin

12.08.2019

Türkmenistan - Altyn Asyr

Türkmenistanyň Prezidenti we belent mertebeli myhmanlar innowasiýalar hem-de awtomobil sergisine baryp gördüler

"Türkmenistan: Altyn Asyr" elektron gazetinden alnan

 

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşyjylar Halkara innowasion tehnologiýalar sergisine we “Türkmen sährasy - 2019” atly awtosergisine baryp gördüler.

Giňişleýin

12.08.2019

Türkmenistan - Altyn Asyr

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň birinji Hazar ykdysady forumynda eden çykyşy

"Türkmenistan: Altyn Asyr" elektron gazetinden alnan

Hormatly wekiliýetleriň baştutanlary we agzalary!

Gadyrly myhmanlar!

Hanymlar we jenaplar!

 

Giňişleýin

11.08.2019

Türkmenistan - Altyn Asyr

Türkmenistanyň Prezidenti Bolgariýa Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

"Türkmenistan: Altyn Asyr" elektron gazetinden alnan

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bolgariýa Respublikasynyň Premýer-ministri Boýko Borisow bilen duşuşdy

 

Giňişleýin

11.08.2019

Türkmenistan - Altyn Asyr

Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlarymyzy Gurban baýramy bilen gutlady

"Türkmenistan: Altyn Asyr" elektron gazetinden alnan

Mähriban halkym!

Eziz watandaşlar!

Sizi adamzadyň ahlak-edep ýörelgelerini, dogruçyllygy, hoşniýetliligi we päkligi ündeýän mukaddes Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Gurbanlyk Gündogar halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň asyrlarboýy kämilleşdirip we nesilden-nesle geçirip gelen medeni-ruhy mirasyny, ahlak ýörelgelerini, ynsanperwerlik we dostluk hakyndaky dünýägaraýyşlaryny, däp-dessurlaryny, urp-adatlaryny özünde jemleýän, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýan ajaýyp baýramdyr. Ynsan kalbynyň tämizligini dabaralandyrýan bu baýram bizi döredijilikli täze maksatlara, beýik işlere ruhlandyrýar, agzybirligimizi we jebisligimizi has-da pugtalandyrýar.

Giňişleýin

11.08.2019

Türkmenistan - Altyn Asyr

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasaryny kabul etdi

"Türkmenistan: Altyn Asyr" elektron gazetinden alnan

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary hanym Olga Algaýerowany kabul etdi.

Döwlet Baştutanymyz myhmany mähirli garşylap, birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşýandygy üçin oňa minnetdarlyk bildirdi. Forumyň gün tertibine sebitiň durnukly ösüşi bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy girizildi.

Giňişleýin

11.08.2019

Türkmenistan - Altyn Asyr

Türkmenistanyň Prezidenti Hazar Innowasion Tehnologiýalar halkara sergisine we «Türkmen sährasy – 2019» atly halkara awtosergisine gatnaşyjylara gutlag iberdi

"Türkmenistan: Altyn Asyr" elektron gazetinden alnan

Hormatly halkara sergilerine gatnaşyjylar!

 

Gadyrly myhmanlar!

 

 Sizi Birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde geçirilýän Hazar innowasion tehnologiýalar halkara sergisiniň we «Türkmen sährasy – 2019» atly halkara awtosergisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Giňişleýin

11.08.2019

Türkmenistan - Altyn Asyr

Türkmenistan — Bolgariýa: özara bähbitli işewür hyzmatdaşlyk işjeňleşdirilýär

"Türkmenistan: Altyn Asyr" elektron gazetinden alnan

Şu gün birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-bolgar hökümetara toparynyň dördünji mejlisi geçirildi.

Duşuşyga gatnaşyjylaryň hatarynda iki ýurduň esasy pudaklarynyň, şol sanda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary, derman senagaty, oba hojalygy, maýa goýum ulgamlarynyň ýolbaşçylary, hünärmenleri we bilermenleri bar.

Giňişleýin

11.08.2019

Türkmenistan - Altyn Asyr

Türkmenistanda birinji Hazar ykdysady forumynyň çäreleri badalga aldy

"Türkmenistan: Altyn Asyr" elektron gazetinden alnan

Şu gün daşary ýurtly myhmanlary häzirki günlerde güler ýüzli garşylaýan deňiz kenarynda birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde geçirilýän Hazar innowasion tehnologiýalar halkara sergisiniň we «Türkmen sährasy — 2019» atly halkara awtoserginiň açylyşy boldy.

Giňişleýin

09.08.2019

Türkmenistan - Altyn Asyr

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi

"Türkmenistan: Altyn Asyr" elektron gazetinden alnan

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna iş saparynyň çäklerinde Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň şu ýylyň ýedi aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlenildi hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny mundan beýläk-de ösdürmegiň taslamalaryna we beýleki birnäçe meselelere garaldy.

Giňişleýin

08.08.2019

Türkmenistan - Altyn Asyr

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze binalaryň hem-de Awaza şypahana zolagyny ösdürmegiň taslamalary bilen tanyşdy

"Türkmenistan: Altyn Asyr" elektron gazetinden alnan

Şu gün ir bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hazaryň kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna ugrady, bu ýerde halkara derejeli häzirki zaman deňiz şypahanasy kemala geldi. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde milli Liderimizi resmi adamlar ugratdylar.

Az wagtdan soňra hormatly Prezidentimiziň uçary Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinde gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Hazaryň kenarynda zähmet rugsadynda bolýan hökümet agzalary, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary garşyladylar.

Giňişleýin

07.08.2019

Türkmenistan - Altyn Asyr

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

"Türkmenistan: Altyn Asyr" elektron gazetinden alnan

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda ýylyň geçen ýedi aýynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň alyp baran işleriniň netijeleri jemlenildi hem-de olaryň işlerini mundan beýläk-de kämilleşdirmek we maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça ilkinji nobatdaky wezipeler kesgitlenildi.

Giňişleýin

05.08.2019

Türkmenistan - Altyn Asyr

Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

"Türkmenistan: Altyn Asyr" elektron gazetinden alnan

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine paýtagtymyzy hem-de welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny amala aşyrmak, möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmek, öňde boljak baýramçylyk senelerine we şanly wakalara görülýän taýýarlyk bilen bagly wezipeler, şeýle hem döwlet durmuşynyň beýleki meseleleri girizildi.

Giňişleýin

04.08.2019

Türkmenistan - Altyn Asyr

Milli Liderimiz zähmet rugsadyny döredijilik hem-de sagdyn durmuş ýörelgesine bagyşlady

"Türkmenistan: Altyn Asyr" elektron gazetinden alnan

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow zähmet rugsadynyň dynç alyş günlerinde hem döredijilik işleri bilen meşgullanmagy dowam edýär. Mälim bolşy ýaly, wajyp döwlet işlerinden we aladalaryndan, wakalardan, ýokary derejedäki saparlardan hem duşuşyklardan doly bolan iş tertibine garamazdan, milli Liderimiz gysga wagtlyk hem bolsa döreýän boş wagtyny sportuň dürli görnüşlerine, saz sungatyna ýa-da şahyrana we ylmy işlere sarp edýär.

Giňişleýin

24.07.2019

Türkmenistan - Altyn Asyr

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzy gurmagyň düzümleýin taslamalary bilen tanyşdy

"Türkmenistan: Altyn Asyr" elektron gazetinden alnan

Ozal habar berlişi ýaly, Ministrler Kabinetiniň ýylyň birinji ýarymynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümine şu ýylyň 15-nji iýulyndan 15-nji awgustyna çenli aralykda zähmet rugsadynyň berilýändigini aýtdy. Şu günler ýurdumyzyň şypahanalarynda, dynç alyş merkezlerinde ministrlikleriň we pudaklaýyn düzümleriň ýolbaşçylary öz saglyklaryny berkidýärler hem-de wagtlaryny peýdaly geçirýärler.

Giňişleýin

17.07.2019

Türkmenistan - Altyn Asyr

Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Komissiýasynyň saýlanan Başlygyny gutlady

"Türkmenistan: Altyn Asyr" elektron gazetinden alnan

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hanym Ursula fon der Lýaýene Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy wezipesine saýlanmagy mynasybetli Gutlag hatyny we oňa iň gowy arzuwlaryny ýollady.

«Biz Türkmenistanda Ýewropa Bileleşigi bilen özara gatnaşyklarymyza ýokary baha berýäris hem-de ýola goýlan köpugurly we netijeli hyzmatdaşlygymyzy mundan beýläk-de ösdürmegi we pugtalandyrmagy maksat edinýäris» diýip, milli Liderimiz Gutlagynda belleýär.

Giňişleýin

15.07.2019

Türkmenistan - Altyn Asyr

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dynç alyş wagtyny kitap ýazmaga bagyşlady

"Türkmenistan: Altyn Asyr" elektron gazetinden alnan

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow zähmet rugsadynyň ilkinji gününde döredijilik bilen meşgullandy, şu pursatlarda Gahryman Arkadagymyzyň agtyklary bilen bolmagy maşgala gymmatlyklarynyň durmuşyň aýrylmaz bölegidigini ýene bir gezek subut etdi.

Giňişleýin

09.07.2019

Türkmenistan - Altyn Asyr

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mähriban halkyna, zähmetsöýer babadaýhanlaryna, edermen gallaçylaryna

"Türkmenistan: Altyn Asyr" elektron gazetinden alnan

Mähriban halkym!

Edermen gallaçy babadaýhanlar!

Sizi berkarar ýurdumyzda galla taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamanyň üstünlikli ýerine ýetirilip, 1 million 650 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylynyň öndürilmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň her biriňize berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny arzuw edýärin!

 

 

Giňişleýin

05.07.2019

Türkmenistan - Altyn Asyr

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden

"Türkmenistan: Altyn Asyr" elektron gazetinden alnan

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi. Mejlisde durmuş-ykdysady ösüş maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişiniň barşyna baha berildi, hökümetiň, aýry-aýry ministrlikleriň, sebitleriň dolandyryş edaralarynyň işiniň netijelerine, guramaçylyk meselelerine garaldy, ikinji ýarym ýyl üçin ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi.

Giňişleýin

03.07.2019

Türkmenistan - Altyn Asyr

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

"Türkmenistan: Altyn Asyr" elektron gazetinden alnan

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň 2019-njy ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetirilen işleriniň jemlerine garaldy hem-de olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça möhüm wezipeler kesgitlenildi.

Giňişleýin

02.07.2019

Türkmenistan - Altyn Asyr

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň täze gurluşyklaryndaky işleriň barşy bilen tanyşdy

"Türkmenistan: Altyn Asyr" elektron gazetinden alnan

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, iri gurluşyk meýdançalaryndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.

Giňişleýin

02.07.2019

Türkmenistan - Altyn Asyr

Milli Liderimiz — halkymyzyň daýanjy we buýsanjy

"Türkmenistan: Altyn Asyr" elektron gazetinden alnan

Lideri, ýagny adamlary yzyna düşürip biljek, olary uly üstünliklere ruhlandyryp biljek adamy kesgitleýän köp şahsy häsiýetler bar. Ýöne döwletiň Lideri barada gürrüň edilende bolsa, onuň Baştutanlyk edýän ýurdunyň üstünlikleri we gazananlary öň hatara çykýar.

 

Giňişleýin

29.06.2019

Türkmenistan - Altyn Asyr

Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlag hatlary gelip gowuşýar

"Türkmenistan: Altyn Asyr" elektron gazetinden alnan

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

 

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

 

Doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

 

Siziň ýolbaşçylygyňyzda Türkmenistan ykdysady hem-de durmuş ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýar, sebit we halkara işlerinde möhüm orun eýeleýär.

 

Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny, ähli ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmekde Siziň şahsy goşandyňyz örän uludyr.

Giňişleýin

29.06.2019

Türkmenistan - Altyn Asyr

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

"Türkmenistan: Altyn Asyr" elektron gazetinden alnan

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Söhbetdeşler birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary arkaly berkidilen döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.

Giňişleýin

28.06.2019

Türkmenistan - Altyn Asyr

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow senagat-innowasion toplumyň açylyşyna gatnaşdy

"Türkmenistan: Altyn Asyr" elektron gazetinden alnan

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynda gurlan täze iň döwrebap senagat toplumynyň — tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Giňişleýin

28.06.2019

Türkmenistan - Altyn Asyr

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tebigy gazdan awtomobil benzinini öndürýän zawodyň işe girizilmegine bagyşlanan dabarada eden çykyşy

"Türkmenistan: Altyn Asyr" elektron gazetinden alnan

Hormatly dabara gatnaşyjylar!

Gadyrly myhmanlar!

Men siziň ähliňizi eziz Diýarymyz üçin şatlykly waka — tebigy gazdan ýokary hilli awtomobil benzinini öndürýän zawodyň ulanylmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Siziň bilşiňiz ýaly, Bitarap döwletimiziň alyp barýan «Açyk gapylar» syýasaty berkarar Watanymyzyň halkara gatnaşyklarynyň ähli ulgamynyň binýady bolup durýar. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň, ylmy-tehnologik we maýa goýum gatnaşyklarynyň esasy ugruny kesgitleýär.

Giňişleýin

27.06.2019

Türkmenistan - Altyn Asyr

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat ministrini kabul etdi

"Türkmenistan: Altyn Asyr" elektron gazetinden alnan

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistana gelen Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat döwlet ministri Ýoşihiko Isozakini kabul etdi.

Wagt tapyp kabul edendigi we döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, myhman milli Liderimize Ýaponiýanyň Imperatorynyň we Premýer-ministriniň aýdan mähirli sözlerini we tutuş türkmen halkyna iberen iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şeýle hem ol döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanda gurlan we dünýäde deňi-taýy bolmadyk täze önümçilik toplumynyň işe girizilýändigi bilen gutlady. Şunlukda, ýaponiýaly hyzmatdaşlaryň oňyn içeri we daşary syýasatyny alyp barýan hem-de ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolan Türkmenistan bilen gatnaşyklary ösdürmäge bolan gyzyklanmalary tassyklandy.

Giňişleýin

27.06.2019

Türkmenistan - Altyn Asyr

Türkmenistanyň Prezidenti ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň sekretariatynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

"Türkmenistan: Altyn Asyr" elektron gazetinden alnan

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Liberal Demokratik partiýasynyň daşary işler boýunça müdirliginiň direktory, Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň sekretariatynyň başlygy Matsuşita Şinpei kabul etdi. Ol Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna geldi.

Giňişleýin

26.06.2019

Türkmenistan - Altyn Asyr

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

"Türkmenistan: Altyn Asyr" elektron gazetinden alnan

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine hem-de birnäçe resminamanyň taslamalaryna garaldy.

 

Giňişleýin

25.06.2019

Türkmenistan - Altyn Asyr

Türkmenistanyň Prezidenti UNISEF-iň wekilhanasynyň baştutanyny kabul etdi

"Türkmenistan: Altyn Asyr" elektron gazetinden alnan

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) ýurdumyzdaky wekilhanasynyň täze bellenen baştutany hanym Kristina Weýgandy kabul etdi. Ol milli Liderimize ynanç hatyny gowşurdy.

 

Giňişleýin

24.06.2019

Türkmenistan - Altyn Asyr

Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

"Türkmenistan: Altyn Asyr" elektron gazetinden alnan

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýat häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen baglanyşykly, obasenagat toplumyndaky işleriň ýagdaýy we möwsümleýin meýdan işleriniň barşy baradaky meseleler girizildi.

 

Giňişleýin

23.06.2019

Türkmenistan - Altyn Asyr

Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş sapary

"Türkmenistan: Altyn Asyr" elektron gazetinden alnan

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyryp, ol ýerde bu sebitiň Baştutany Rustam Minnihanow bilen gepleşlikleri geçirdi hem-de «Sabantuý» milli baýramçylyk mynasybetli dabaralara gatnaşdy.

Milli Liderimiziň Russiýa Federasiýasynyň iri sebitine bu sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň senenamasynda ýene-de bir aýdyň sahypa bolar. Bu sebit bilen Türkmenistanyň netijeli söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ýola goýuldy. Türkmenistanyň hem-de Tatarystanyň ýolbaşçylarynyň özara erki esasynda ösdürilýän işjeň we netijeli gatnaşyklar, umuman, birnäçe möhüm bilelikdäki taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy bilen berkidilýän türkmen-rus strategik hyzmatdaşlygyna itergi berýär.

Giňişleýin

21.06.2019

Türkmenistan - Altyn Asyr

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

"Türkmenistan: Altyn Asyr" elektron gazetinden alnan

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine, şeýle hem käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Döwlet Baştutanymyz irden «Oguzhan» köşkler toplumyndan Ministrler Kabinetiniň binasyna tarap welosipedde ugrady. Bu ýerde milli Liderimiziň ýanynda Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew boldy.

Şäher häkimi döwlet Baştutanymyzyň 20-nji iýunda Aşgabat şäher häkimligine baran mahaly beren tabşyryklarynyň hem-de paýtagtymyzy ösdürmek, onuň demirgazyk böleginde iri ýaşaýyş toplumynyň gurluşygy, şol sanda inženerçilik-tehniki üpjünçiligi bilen bagly beren görkezmeleriniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Giňişleýin

20.06.2019

Türkmenistan - Altyn Asyr

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow giň möçberli şähergurluşyk taslamasy bilen tanyşdy

"Türkmenistan: Altyn Asyr" elektron gazetinden alnan

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň häkimligine baryp, ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmegiň, hususan-da, Aşgabadyň demirgazyk böleginde täze iri möçberli toplumyň gurluşygynyň taslamalary bilen tanyşdy. Milli Liderimiz döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine hem-de öňümizdäki halkara ähmiýetli wakalara, şol sanda ýurdumyzda iri senagat toplumynyň açylyşy bilen baglanyşykly meselelere bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi.

Giňişleýin

19.06.2019

Türkmenistan - Altyn Asyr

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow birinji Hazar ykdysady forumyna taýýarlyk görmegiň barşy bilen tanyşdy

"Türkmenistan: Altyn Asyr" elektron gazetinden alnan

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde milli Liderimizi resmi adamlar ugratdylar.

Birnäçe wagtdan soň hormatly Prezidentimiziň uçary Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Mejlisiň Başlygy, hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary we Balkan welaýatynyň häkimi garşyladylar.

Giňişleýin

17.06.2019

Türkmenistan - Altyn Asyr

Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

"Türkmenistan: Altyn Asyr" elektron gazetinden alnan

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wezipelerine, ýerlerde alnyp barylýan möwsümleýin meýdan işleriniň barşyna garaldy, şeýle hem guramaçylyk meselesine degişli çözgütler kabul edildi.

Giňişleýin

17.06.2019

Türkmenistan - Altyn Asyr

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

"Türkmenistan: Altyn Asyr" elektron gazetinden alnan

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Birek-birege mähirli sözleri aýdyp, iki ýurduň Liderleri möhüm hyzmatdaşlyk esaslaryna daýanýan döwletara gatnaşyklaryň däp bolan dostluk we işjeň häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen bellediler.

 

Giňişleýin